Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň Bilim, ýaşlar, sport we medeniýet boýunça Baş müdirliginiň (DG EAC) Baş direktorynyň orunbasary Normunds Popens bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar türkmen ýokary okuw mekdepleriniň we ýaşlar guramalarynyň Ýewropa maksatnamalaryna, şol sanda akademiki alyş-çalyşlara hem-de ýokary tehnologiýalar, sanly özgertmeler we «ýaşyl» ykdysadyýet pudagyndaky bilelikdäki taslamalara gatnaşygyny giňeltmek barada maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, söhbetdeşligiň dowamynda türkmen tarapy bilimiň hilini üpjün etmek, kredit-modul ulgamyny ornaşdyrmak we akademiki ykjamlyk babatda ýewropa tejribelerine gyzyklanma bildirdi.
Şeýle hem okuw işini sanlylaşdyrmak we uniwersitetleriň häzirki zaman dolandyryş modelleri, ýaşlar syýasaty hem-de medeni gatnaşyklar ulgamlaryna degişli meseleler maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygyň institusional ösüşine özara gyzyklanmalaryny we bilelikdäki anyk başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin ulgamlaýyn gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
ORIENT
