2026-njy ýylyň 15-nji fewralynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Ylýas Gaýypow bilen bu ýurduň Daşary işler ministriniň Syýasy işler boýunça orunbasary Majid Tahtrawançiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşykda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklary, olaryň öňde goýan wezipelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de strategik häsiýetli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary boýunça özara maslahat edildi.
2025-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan Halkara forumyna gatnaşmak maksady bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyrylan iş saparynyň hem-de onuň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşyklarynyň ähmiýeti barada bellenildi.
Şeýle hem iki ýurduň arasynda ýokary derejede amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan saparlar boýunça maslahatlaşyldy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerlemeginde aýratyn meýdança bolup çykyş edýän syýasy geňeşmeleriň işine ýokary baha berdiler. Onuň nobatdaky duşuşygynyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp geçdiler.

Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolan Hazar meselesi hem gün tertibiniň esasy soraglarynyň hatarynda boldy. Hazar meselesi babatynda öňümizdäki döwürde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň taýýarlyk işleri babatynda maslahat edildi.
Şeýle-de, welaýatara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, bu gatnaşyklaryň çäklerinde ykdysady sergileri, işewür maslahatlaryny we medeni çäreleri geçirmek boýunça pikir alşyldy.
Iki ýurduň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň işine uly ähmiýet berilýär.
Duşuşykda onuň nobatdaky mejlisiniň Aşgabat şäherinde guralmagy hem-de ozalky mejlisde gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde gutarnykly ýagdaýda durmuşa geçirilmegi boýunça pikir alyşdylar.
Taraplar medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklara aýratyn üns berdiler. Bu ugurdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi barada nygtaldy.
Ilçi Y.Gaýypow Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigini habar berdi.
Bu babatda, Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň ähmiýeti, şeýle hem türkmen bedewleriniň taryhy gymmatlylygy, şan-şöhraty we üstünlikleri bilen bagly maglumatlary beýan etdi.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
ORIENT
