
Aşgabat, 14-nji fewral | ORIENT. Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen ýylyň ykdysady jemleri has-da uly maksatlar üçin berk binýat boldy. Eger 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary bilen geçen bolsa, onda 2026-njy ýyl — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly, uly möçberli gurluşyk we durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýyly boljakdygyny wada berýär.
Ýurduň ähli künjeklerinde müňlerçe maşgala degişli esasy görkeziji şudur: 2026-njy ýylda 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Deňeşdirmek üçin — bu 2025-nji ýyldaky 645 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýy bilen deňeşdirilende, 40%-e golaý köpdür. Täze gurluşyklaryň esasy möçberi paýtagta degişli bolar: «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 30 sany täze jaýlar gurlar, Büzmeýin etrabynda bolsa 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler. Kottej görnüşli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna aýratyn üns berilýär — iki gatly 127 sany öýler Aşgabat şäheriniň binagärlik keşbiniň üstüni ýetirer.
Döwlet Baştutany ilatyň ýaşaýyş derejesini düýpli üýtgetjek möhüm desgalary anyk beýan etdi. 2026-njy ýyl saglygy goraýyş ulgamynda hem özgerişlikleriň ýyly bolar. Paýtagtda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri we Stomatologiýa merkezi ulanmaga beriler.
Sebitler hem ünsden düşürilmedi. Meşhur «Arçman» şypahanasy 400 orunlyk täze binalar toplumy raýatlara hyzmat edip başlar, ýurduň günbatarynda, Balkan welaýatynda täze bir oba (Gyzylarbat etraby) we Guwlymaýak şäherçesinde döwrebap ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy ulanmaga berler.
Ykdysadyýet we logistika üçin aýratyn möhüm waka Aşgabatdan başlanýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň işe girizilmegi bolar. Bu ýurduň gündogary bilen günbataryny birleşdirýän awtomobil ýolunyň jemleýji bölegidir.
Bilim ulgamy kuwwatly ösüşe eýe bolar: şu ýylda 3380 orunlyk umumybilim edaralary, 1080 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralary gurlup ulanmaga berler. 2026-njy ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary hem dabaraly açylar. Şol bir wagtyň özünde «akylly» Arkadag şäheri hem ösmegini dowam etdirer — onuň ikinji tapgyrynyň gurluşygy giň gerimde dowam etdiriler, bu bolsa Türkmenistanyň sanly şäherleşme babatda sebitdäki öňdebaryjy derejesini berkider.
Ygaln edilen ýylyň şygary — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» — diňe bir owadan söz düzümi däl. Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, bu her bir adam üçin ýol görkeziji bolup durýar. «Ganatly bedewleriň ýylyna» bagyşlap ýörite Guramaçylyk topary döredildi, ol 2026-njy ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça işleri alyp barar.
«Ata Watanymyzy mundan beýläk-de has-da gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr», — diýip, döwlet Baştutany çykyşyny jemledi. Meýilleşdirilen işleriň möçberine görä, 2026-njy ýyl hakykatdan-da ýokary depginiň we uly üstünlikleriň ýyly bolar.