Aşgabat, 14-nji fewral | ORIENT. Anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetiň jikme-jik «sanly şekili» hödürlendi. 2025-nji ýylyň netijeleri we 2026-njy ýyl üçin uly maksatly meýilnamalar hil taýdan ösüşiň täze tapgyryna geçilýändigine şaýatlyk edýär. Bu ýerde ýokary tehnologiýa, hususy pudak we drumuş kepillikler esasy orny eýeleýär.
Ykdysadyýetiň sagdynlygynyň esasy görkezijisi — jemi içerki önümiň ösüşi — 6,3% derejesinde hasaba alyndy. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ösüş depginini täze 2026-njy ýylda-da saklamagy tabşyrdy. Pudaklar boýunça ösüş aşakdaky görkezijilere eýe boldy:
Ulag we aragatnaşyk +9,8%
Söwda +9,6%
Gurluşyk +7,9%
Oba hojalygy +7%
Türkmenistan serişdeleri gazyp almakda we gaýtadan işlemekde täsirli netijeleri görkezýär. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 76 milliard 527,1 million kub metr tebigy gaz, 8 million 382,3 müň tonna nebit çykaryldy. Emma hakyky öňe gidişlik gaýtadan işlemekde we gurluşyk serişdelerinde hasaba alyndy:
Sementiň öndürilişi +40,9%
Nebit bitumyny +26,4%
Armatur, demir önümleriniň öndürilişi +22,3%
Dokma: nah matalaryň öndürilişi 16,7% ýokarlandy.
Bank ulgamy telekeçiligi we raýatlary işjeň goldaýar. Hususy pudaga berlen karzlaryň möçberi 23%, fiziki şahslara bolsa 25,4% ýokarlandy. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlar 20%-den gowrak köpeldi.
Ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri. 2026-njy ýylda jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9%-e ýetirmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutany 2026-njy ýylda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýumlarynyň Maksatnamasyny tassyklady:
Maýa goýumlar: Ykdysadyýete 41,2 milliard manada golaý maýa goýlar.
Iş orunlary: Täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 5300-den gowrak iş ornuny döretmek meýilleşdirilýär.
Durmuş ugry: Ähli maýa goýumlaryň 51% golaýyny durmuş-medeni maksatly binalara (mekdepler, hassahanalar, ýaşaýyş jaýlary) gönükdiriler.
