Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask adam şekilli robotlar üçin özboluşly “mekdebiň” döredilýändigini mälim etdi. Ýörite okuw meýdançasynda 10 müňden 30 müňe çenli android gündelik wezipeleri ýerine ýetirmegi öwrenip, özara bäsleşerler. Taslamanyň maksady — professional sport taýýarlygynyň ýörelgelerini ulanyp, maşynlaryň başarnyklaryny doly awtomatlaşdyrmakdyr.
Taslamanyň esasynda “özbaşdak oýun” usuly durýar. Emeli aň şol bir meseläni millionlarça gezek çözmäge synanyşmak arkaly kämilleşýär. Möhüm aýratynlyk — köpçülikleýin tejribe: eger fiziki robotlaryň biri hereket etmegiň ýa-da bir zady tutmagyň netijeli usulyny tapsa, bu başarnyk dessine ähli ulgama geçirilýär.
Şol bir wagtda sanly gurşawda millionlarça wirtual nusga işleýär. Olar şol bir synaglary çaltlandyrylan tertipde geçip, ulgama dogry hereket algoritmlerini has tiz tapmaga kömek edýärler.
Inženerler üçin esasy çagyryş — roboty hakyky dünýäniň garaşylmadyk ýagdaýlaryna, mysal üçin taýýan pollara ýa-da döwüljek zatlara uýgunlaşmaga öwretmekdir. Mask bu meseläni maglumatlaryň yzygiderli alyş-çalşygy arkaly çözmegi meýilleşdirýär. Fiziki robotlar hakyky şertler barada maglumat berýär, wirtual robotlar bolsa çözgütleriň millionlarça görnüşini dessine işläp taýýarlaýar.
Mask Optimus robotlaryny diňe bir kömekçi däl-de, geljekde özüni gaýtadan öndürip bilýän we beýleki planetalarda infrastruktura gurup bilýän enjamlar hökmünde görýär. Bu uly meýilnamalary energiýa bilen üpjün etmek üçin Tesla we SpaceX her ýyl 100 gigawatt kuwwatly gün panellerini öndürmegi meýilleşdirýärler. Bu bolsa geljekdäki kosmos maglumat merkezleriniň zerurlyklaryny üpjün eder.
Uly göwrümli meýilnamalara garamazdan, bazar oňa sabyrlylyk bilen garşylyk bildirdi: interwýudan soň Teslanyň paýnamalary 2,17% pese gaçdy. Maýa goýujylar kompaniýanyň ägirt uly serişdeleri talap edýän uzak möhletli taslamalaryna häzirlikçe seresaplyk bilen baha berýärler.
ORIENT
