Aşgabat, 14-nji fewral | ORIENT. Türkmenistan çöllük ýerlerini gül açýan oazislere öwürmek boýunça yzygiderli işleri dowam etdirýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylda ýurdumyzda 3 million täze agaç nahalynyň oturdylmagyny göz öňünde tutýan ýyllyk Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, bag ekmek boýunça ýük deň paýlandy: 1,5 million nahaly ministrlikler, pudaklaýyn edaralar, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we «akylly» Arkadag şäheriniň häkimlikleri üpjün eder, ýene 1,5 million nahal bolsa welaýat häkimlikleriniň güýji bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde oturdylar.
Maksatnamanyň aýratynlygy — ekinleriň peýdalylygyna aýratyn üns berilmegidir. Şäherleriň we obalaryň töwereginde adatça «ýaşyl gorag zolagyny» emele getirýän pürli we ýaprakly agaçlardan başga-da, miweli agaçlara we üzüm baglaryna aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz ýörite bölünip berlen ýerlerde sortlaryna görä üzüm we beýleli miweli baglary ösdürip ýetişdirmegi tabşyrdy. Bu bolsa bag ekmek maksatnamasyny azyk bolçulygyny üpjün etmegiň hem bir guralyna öwürýär.
Türkmenistan suw serişdelerini tygşytly ulanmak ýörelgesine ygrarlydygyny tassyklaýar. Karara laýyklykda, täze nahallar diňe damjalaýyn suwaryş usuly bilen suwarylmalydyr. Şeýle çemeleşme suw serişdelerini iň az mukdarda sarp edip, nahallaryň ýokary derejede kök urmagyny üpjün edýär.
Ekiljek nahallaryň hiline gözegçilik Daşky gurşawy goramak ministrligine tabşyryldy: ol edaralary we häkimlikleri topraga çalt uýgunlaşyp bilýän sagdyn üç ýaşly nahallar bilen üpjün eder.
