"Türkmengaz” döwlet konserni kärhananyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-013 belgili açyk tender yglan edýär:
Tenderiň möhleti: 2026-njy ýylyň 13-nji fewralyndan 1-nji apreline çenli.
Tendere diňe öndüriji kompaniýalar, tender resminamalarynda kesgitlenen talaplara doly laýyk gelen ýagdaýynda gatnaşyp biler. Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary şol ýerde ýerleşýän kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.
Tender lotlary:
• Lot № 1 - «Turba we metal önümleri»;
• Lot № 2 - «Umumy zawod enjamlary»;
• Lot № 2 - «Tehnologik enjamlar».
Gatnaşmak üçin Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça kompaniýanyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly.
Gatnaşyjylara "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" bilen tanyş bolmak; şeýle hem lotlaryň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak teklip edilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lot üçin ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Tender teklipleri ýerli wagt bilen 2026-njy ýylyň 1-nji apreli sagat 15:00-a çenli kabul edilýär. Görkezilen möhletden soň gelip gowşan teklipler kabul edilmeýär.
Elektron poçta salgysy: info@turkmengaz.gov.tm
Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.
ORIENT
