2026-njy ýylyň 14-16-njy fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek IWISE (International World Innovative Student Exhibition) halkara oýlap tapyşlar bäsleşiginiň Global Final tapgyryna ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 12-si gatnaşar.
London şäherinde (Beýik Britaniýa) ýerleşýän IWISE guramasy tarapyndan her ýyl geçirilýän bu abraýly çäre dünýäniň dürli künjeklerinden iň zehinli ýaşlaryň müňlerçesini taslama, robot tehnikasy, sungat, STEAM we programmirleme ýaly ugurlar boýunça bir ýere jemleýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary bu gezek Dubaýda geçiriljek ýaryşyň final tapgyrynda toparlaýyn esasda öz ukyplaryny görkezerler.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary bu uly bäsleşige gatnaşmaga hukugy onuň 2025-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen "Virtual Final" (onlaýn) tapgyrynda gazandylar. Onlaýn tapgyrynda ýurdumyza wekilçilik eden okuwçylar Robot Maze (robotlaryň labirintden geçmegi), Line Follower (çyzygy yzarlaýan robotlar), Mini Sumo (robotlaryň göreşi) ugurlary boýunça degişlilikde altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.
Halkara ýaryşa gatnaşjak okuwçylaryň Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň robot tehnikasy boýunça gurnagynyň okuwçylaryndan we paýtagtymyzdaky “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjilerinden ybaratdygyny bellemek ýakymly. Bu bäsleşikde ýaş innowatorlara Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Myrat Sähetgulyýew we Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň mugallymy Halil Kowusow ýolbaşçylyk ederler.
Okuwçylarymyza üstünlik arzuw edýäris!

ORIENT
