||
15-nji fewralda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Şura geňeşiniň türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň başlygy Ahmed bin Hitmi Al Hitmi bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda Ilçi, Türkmenistanda 2026-njy ýyl “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Bedew Batly At-Myradyň Mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy hem-de Watanmyzyň Garaşsyzlygynyň 35-ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çäreler we ylmy maslahatlar barada belledi.
Şeýle hem, ikitaraplaýyn parlamentara dialogynyň ösdürilmeginiň hem-de ýurtlaryň kanun çykaryjylyk işi babatyndaky tejribe alyşmagyň we hyzmatdaşlygyň strategiýasyny işjeňleşdirmek barada pikir alyşyldy.
ORIENT
