Köpden bäri garaşylýan «Arkadag» bilen «Al-Nassr» toparlarynyň duşuşygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda öňde boljak oýun boýunça Utgaşdyryjy maslahat geçirildi. Olimpiýa şäherjiginiň stadiony janköýerleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan mahaly, «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda iş alnyp barylýardy. Ol ýerde berk tertip-düzgün esasynda futbol baýramyna taýýarlyk bilen bagly soňky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyk «iş» häsiýete eýe bolsa-da, howada taryhy pursadyň ýakynlaşýandygy duýulýardy:, biziň ölçeglerimize görä dünýä futbolynyň ägirt topary — «Al-Nassr» Türkmenistana gelýär. Stolyň başynda – oýnuň wekilýetleri, howpsuzlyk boýunça jogapkärler, lukmanlar hem-de toparlaryň wekilleri gatnaşdy. Bu iň soňky taýýarlyk barlagy boldy.

Şeýle maslahatlaryň gün tertibinde esasy meseleleriň biri wagt utgaşdyrmasydyr — «Al-Nassr» we «Arkadag» toparlarynyň ulag kerweniniň myhmanhanadan çykyp, meýdança ätjek ilkinji ädimine çenli ähli hereketler minutlaýyn meýilleşdirildi.
Tiz kömek ulaglarynyň we tertip-düzgüni üpjün edýän işgärleriň ýerleşişi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Stadionyň her zolagy şweýsar sagady ýaly takyk işlemeli. Myhmanlaryň erkin hereket etmegi üpjün edilip, şäheriň myhmansöýerlik ruhy hem saklanylmalydyr. Bu kabul edýän tarap üçin — bu abraý meselesidir.

Şeýle-de dünýä ýyldyzlarynyň we müňlerçe janköýeriň howpsuzlygyny hem rahatlygyny üpjün etmek zerurdyr. Bu maslahatlaryň iň ýapyk bölegidir. Howpsuzlyk boýunça jogapkärler janköýerleriň akymyny dogry utgaşdyryp, futbol baýramynyň ýokary derejede geçmegini üpjün etmelidirler.
Döwlet senalary, hatara düzülmek, salamlaşmak. Bu ýerde ownuk zat ýok — ähli zat Türkmenistanyň iň ýokary derejeli ýaryşlary kabul edip bilýän ýurt hökmündäki abraýyny derejesini nygtamalydyr.

Maslahatda media-meýilnama hem aýratyn orun eýeledi — futbol baýramynyň her pursady ýokary hilli surata düşürmek üçin telekameralaryň işi, fleş-interwýular üçin meýdançalar utgaşdyryldy.
Duşuşygyň esasy görkezijileriniň biri oýun köýnekçeleriniň görkezilişi boldy. «Arkadag» öz adaty ak reňkli köýnekçesinde meýdança çykar. Aýratyn üns — döş bölegindäki giň gök zolak we nepis ýazgy görnüşindäki ARKADAG sözüne gönükdirildi.

«Arkadag» üçin bu möhüm psihologik pursatdyr — milli çempionatda üstünlik getiren köýnekçede meýdança çykmak. Ak reňk arassalygy we açyklygy alamatlandyrýar, gök zolak bolsa ygtybarlylygy nygtaýar.
Saud Arabystanynyň meşhur topary bolsa ýaşyl öwüşginli güneş sary reňkde çykyş eder. Bu garşylyk — «Ak monolit» bilen «Sary alaw» — eminler we tomaşaçylar üçin ajaýyp görnüş döredýär.
Meýdan eýeleri ilkinji bolup reňk saýlamak hukugyndan peýdalanyp, «Al-Nassr» toparyny öz palitrasyna laýyklaşmaga mejbur etdiler. Bu hem möhüm psihologik jikme-jiklikdir.

Saud toparynyň uçary Aşgabada gijä galyp geldi. Uçaryň bortunda garaşylan ýyldyz — Ronaldonyň ýokdugy habar berildi. Habarlara görä, ol häzirki wagtda indiki möhüm duşuşyga taýýarlanýar.
«Al-Nassr» göni Halkara howa menzilinden Olimpiýa şäherjigine bardy. Ol ýerde Saud Arabystany Patyşalygyndan gelen myhmanlara ondan gowrak ýurduň žurnalistleri garaşýardy.

Şol ýerde brifing geçirildi. Sorag-jogaplar öňde boljak duşuşyk, Ronaldonyň ýoklugy we beýleki garaşylýan temalar bilen bagly boldy.
Soňra myhmanlar Olimpiýa şäherjiginiň esasy stadionyň meýdançasy bilen tanyşdylar.

Mundan öň şeýle brifing meýdan eýeleri bilen hem geçirildi. Oňa «Arkadagyň» baş tälimçisi Mergen Orazow hem-de toparyň kapitany Guçmyrat Annagulyýew gatnaşdy.
Soraglaryň biri şeýle boldy: türkmen futbolçylary at-abraýly garşydaşdan üstün çykmaga umyt edýärlermi? Jogap giňişleýin boldy, emma beýle mümkinçiligi inkär etmedi.
Žurnalistler bilen duşuşykdan soň «Arkadagyň» futbolçylary ýaşyl meýdançany synagdan geçirmek üçin meýdança çykdylar. Žurnalistlere birnäçe minutlyk rugsat berildi, soňra türgenleşik ýapyk görnüşde dowam etdi.

Çaklama: Dawid Goliafnyň garşysyna
«Al-Nasr» toparynyň düzümi tutuş ligalaryň býujetleri bilen deňeşdirilip bilner. Oýun derejesi hem goýlan maýa laýyk gelýär.
«Arkadag» üçin bu duşuşyk Dawid bilen Golafyň nusgawy taryhyny gaýtalamak mümkinçiligidir — ýeňşe bolan berk ynam güýçli garşydaşy ýeňmäge mümkinçilik berýär.
Futbol bilermenleriň çaklamasyna görä, ýeňşe has ýakyn hasaplanýar. «Al-Nassr» hatda iň meşhur ýyldyzlary bolmasa-da sazlaşykly hereket edýän güýçli topar – Ronaldonyň Aşgabatda oýnamaýandygy öň aýdylypdy..Olar netije gazanmak üçin geldiler.

Olaryň artykmaçlygy — güýçli hüjüm, halkara derejeli duşuşykda gazanylan tejribe we şahsy ussatlykdyr. Bu «Al-Nassr» toparynyň futbolçylarynyň esasy mümkinçiligidir. Olar ilkinji minutlardan başlap oýnuň akymyny öz ellerine almaga synanyşarlar.
Türkmen topary bolsa bu duşuşykda bedew bady bilen çykyş eder, şonuň bilen bir hatarda uly mümkinçilikler bar. Bu ýerde sanlar bilen ölçäp bolmaýan ruhy faktorlar güýje girýär.
«Arkadag» üçin bu onuň gysga taryhyndaky iň möhüm duşuşykdyr. «Al-Naasr» toparynyň garşysyna diňe oýnalmaýar — onuň bilen zaman futbolynyň ähli düzgünleri we häzirki gazananlaryny bilen ähli güýjüňi goýup göreşilýär.
«Arkadag» bu oýna halkara derejsindäki az tejribe bilen geldi we esasan içerki oýunlar bilen taýýarlyk gördi, bu ýerde ol (garşydaşlarynyň derejesini göz öňünde tutup) ajaýyp oýny, hatarlaryň arasyndaky gowy düşünişmek we oýun wagtynda taktikany üýtgetmek ukybyny görkezdi.

Emma biziň hemmämiziň gizlin umyt edýän ýene bir faktor bar — bu hem öz öý meýdançasynyň ägirt uly goldawydyr. Hut şol goldaw “on ikinji oýunçy” täsirini döredýär we köplenç toparlaryň arasyndaky dereje tapawudyny deňleşdirmäge mümkinçilik berýär. 45 müň orunlyk müberden güýçli şowhuny hem tutuş oýnuň dowamynda ýerli futbolçylary güýç kuwwat bilen ruhlandyryp durar.
Gaýtalap aýdýaryn, çaklamalara görä, «Al-Nassr» iki duşuşykdan ybarat tapgyrda ýeňşe esasy dalaşgär hasaplanýar. Topar Aşgabada duşuşygyň ilkinji minutlaryndan başlap öz şertlerini ýöretmek üçin geldi. Mundan başga-da, myhmanlar oýun wagtynyň aglaba böleginde öz ellerinde saklarlar. Şeýle-de bolsa, «Arkadag» özüni aňsatlyk bilen geçirtjek topar däl. Iň bolmanda, biz muňa berk ynanýarys.
Mümkin, öý duşuşygynda «Arkadag» “guramaçylykly garşylyk” taktikasy bilen çykyş eder. Topar “ikinji belgide” oýnar, emma bu işjeň gorag bolar. Meýdan eýeleriniň öz ýarym meýdançasynda her bir bölek üçin göreşip, öňdebaryjy toparyň işini mümkin boldugyça kynlaşdyrmaga çalyşmagyna garaşmak bolar.
Türkmen futbolçylarynyň goragynda dartgynly, emma tertipli oýny göreris. Olar çalt garşy hüjüme geçmek üçin amatly pursada garaşarlar, şeýle hüjüm bolsa üstünlik getirmegi mümkin.

«Al-Nassr» açyk futbol oýnamaga öwrenişen topar, emma «Arkadagyň» öz meýdançasynda hödürläp biljek berk goragy we dartgynly oýny ýyldyzly myhmanlary deňagramlylykdan çykaryp biler.
Eger «Arkadag» başlangyç basyşy saklap bilse (esasan hem ilkinji 15 minutda) we myhmanlara ýagdaýyň eýesi ýaly duýga ýol bermese, onda biz islegli deňme-deň netijä, hatda (göz degmesin) ýeňşe hem garaşyp bileris.
Şol bir wagtyň özünde-de, «Arkadagyň» futbolçylary soňky minuta çenli ähli güýjüni goýup oýnamaly bolarlar. Hut duşuşygyň ahyrynda ýeňşe golaýlaşandygyny duýup bir pursat gowşaýan täzeçilleri ýokary derejeli ussatlar ünsüň bir sekuntlyk gowşamagynyň netijesinde rehimsiz jezalandyrýarlar.
Her niçik ýagdaýda-da, islendik netijä garamazdan, bu duşuşyk «Arkadag» üçin taryhy çykyş bolar. Bu ýerde iň uly baýrak hakykatdan-da güýçli, mynasyp we abraýly garşydaş bilen oýnap gazanyljak tejribe bolar — şeýle garşydaş islendik synaga garşy durmaga ukyplydyr.

Emma “kim – kimi” diýen jedelleri goýalyň-da, gowy oýundan lezzet almak üçin duşuşyga garaşalyň. Biziň umyt edişimiz ýaly, bu iki mynasyp toparyň ýokary derejeli oýny bolar.
Bekdurdy AMANSARYÝEW
