Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmen okuwçylary Astana şäherinde STEM olimpiadasyna gatnaşýarlar

08.02.2026|16:05|
89
turkmen-okuwcylary-astana-saherinde-stem-olimpiadasyna-gatnasyarlar
Surat çeşmesi: myrobot.ru

Türkmenistanly okuwçylar Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde 10-13-nji fewral aralygynda geçirilýän “Central ASIA FIRST Championship 2026” atly STEM (ylym,tehnologiýa, inženerçilik we matematika) olimpiadasyna gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

FTC – ABŞ tarapyndan esaslandyrylan, dünýädäki iň uly tehnologiýa guramasy bolan First Global guramasy tarapyndan alnyp barylýar. Her ýyl täze wezipeler berilýär we şol wezipeleri ýerine ýetirip biljek robot awtonomlary taýýarlamagyny isleýärler.

100-den gowyrak döwlet, 7000-den köp topardan 70 000-den gowyrak okuwçynyň bäsleşýän iň uly robot çempionatydyr.

Çempionat ilki sebitleýin, 30 döwletde (Merkezi Aziýa tapgyry Gazagystanda), we final tapgyry ABŞ-nyň Huston welaýatynda geçirilýär. Final tapgyryna gatnaşmak üçin sebitleýin geçirilýän tapgyrda 400-den gowyrak topardan saýlanan 60 topar bilen bäsleşerler.

Türkmenistan bu bäsleşige ilkinji gezek 2025-nji ýylda gatnaşyp “Halkara üstünlik” atly baýragyny gazanmagy başardy.

Bu ýyl bäsleşige ýurdumyzdan, OguzRobot topary #28909 nomer bilen we Erjeller topary #28930 nomer bilen gatnaşar.

ORIENT