Bu hepde Türkmenistanda howa şertleri durnuksyz bolup, temperaturanyň üýtgemeleri bilen tapawutlanar. Ýurdumyzyň çägi demirgazykdan gelýän sowuk howa agramlarynyň we günortadan gelýän has maýyl subtropiki howa akymlarynyň täsir zolagynda bolar. Demirgazyk we günorta sebitleriň arasynda iň uly temperatura tapawudyna garaşylýar diýip, meteožurnal habar berýär.
Ýurdumyzyň demirgazygynda sişenbe gününden penşenbe gününe çenli gündizki howa temperaturasy +10°-dan ýokary bolmaz, esasan +1…+6° aralygynda üýtgär, gijelerine bolsa -10°-a çenli sowap biler. Şol bir wagtyň özünde günortada duşenbe we sişenbe günleri temperatura +20°-a çenli ýokarlanar, penşenbe güni bolsa käbir ýerlerde +25°-a ýeter.
Hepdäniň başynda Demirgazyk Kawkaz, Aşaky Wolga sebitleri we soňra Günorta Sibir boýunça pes traýektoriýa bilen Balkan siklony geçer. Duşenbe güni onuň maýyl böleginde Türkmenistana günortadan — Eýrandan — ýyly howa agramlary gelip başlar.
Iň maýyl howa Ahal we Mary, şeýle-de Balkan welaýatynyň günorta sebitlerinde garaşylýar. Bu ýerlerde gündiz howa temperaturasy +15…+20°, käbir ýerlerde +22° bolar. Demirgazyk sebitlerde bolsa demirgazyk-günbatar we günbatar ýelleriniň agdyklyk etmegi bilen temperatura bary-ýogy +2…+7° bolar. Ýurduň köp sebitlerinde gysga möhletli ýagyşlar ýagyp biler.
Sişenbe güni siklonyň yza çekilmegi bilen onuň yzky bölegine Skandinawiýadan gelen antisiklon ornaşar, bu bolsa howanyň gysga wagtlaýyn, ýöne güýçli sowamagyna getirer. Iň köp täsir demirgazyk sebitlere ýeter, günortada bolsa üýtgeşmeler has gowşak bolar.
Balkan welaýatynda gündiz howa temperaturasy +1…+6°, iň günortasynda +12°-a çenli bolar. Ahal welaýatynda günüň dowamynda temperatura pese düşer: gündiz käbir ýerlerde henizem +19°, agşama çenli +8…+13°. Mary we Lebap welaýatlarynda gündiz +15…+20° ýylylyk saklanar, sowuk howa ol ýerlere gije wagtlarynda aralaşar. Daşoguz welaýatynda gündiz -1…+4°, agşama 0…-5°-a çenli sowamagy mümkin.
Sişenbe güni ähli welaýatlarda ýagynlaryň bolmagyna garaşylýar: Daşoguz we Balkan welaýatlarynda gar gatyşykly ýagyş, beýleki welaýatlarda ýagyş ýagyp, Mary we Lebap welaýatlarynda käbir ýerlerde ýyldyrym çakmagy mümkin.
Sowamagyň iň ýokary derejesi sişenbe bilen çarşenbe arasyndaky gijä düşer. Demirgazyk sebitlerde temperatura -5…-10°, Balkan welaýatynyň käbir ýerlerinde -2…-7°, Lebap welaýatynyň demirgazygynda 0…-5° bolar. Beýleki sebitlere sowuk howa aralaşmaz.
Antisiklon demirgazyk-gündogara süýşensoň, howa akymlarynyň ugry üýtgär we günorta sebitlere ýyly howanyň gelşi güýçlener. Çarşenbe güni Türkmenistanyň iň günortasynda temperatura +12…+17°-a çenli ýokarlanar. Ahal welaýatynda demirgazyk we günbatar sebitlerde +3…+8°, günorta-gündogarynda +16° bolar. Demirgazykda howa salkyn bolup galar — 0…+5°. Daşoguzdan başga ähli sebitlerde ýagynlaryň ýagmagy mümkin, Ahalyň we Lebabyň demirgazygynda ýagyşlar çygly gar bilen ýagyp biler.
Penşenbe gününden sebitde pes basyşly, kiçi gradiýentli meýdan emele geler, bu bolsa günortadan ýyly howanyň güýçli gelmegine sebäp bolar. Günorta sebitlerde hatda gijelerine hem temperatura +10…+15° bolar, gündiz bolsa adatdan daşary maýyl howa emele geler. Ahal welaýatynyň gündogar böleginde we Mary welaýatynda temperatura +20…+25°-a çenli ýokarlanar. Demirgazykda bolsa howa öňküsi ýaly salkyn bolar — +2…+7°. Käbir ýerlerde ýagyşlar ýagyp, ýyldyrym çakmagy mümkin.
Aşgabatda howa
Sişenbe: gije +7…+9°, gündiz +12…+15°, ýagyş.
Çarşenbe: gije +2…+5°, gündiz +6…+9°, az-owlak ýagyş ýagmagy mümkin.
Penşenbe: gije +6…+9°, gündiz +15…+18°, käbir ýerlerde az-owlak ýagyş ýagar.
