Owganystanda ýerli ilatly nokatlary Türkmenistanyň energetika ulgamyna birikdirmek boýunça taslama işe başlandy. Badgys welaýatynyň Sang-Ataş etrabynda ýerleşýän 21 sany oba energiýa serişdeleri bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär diýip, “Fergana agency” habar berýär.
Taslamanyň umumy bahasy $2 million deňdir. Tehniki işler tamamlanandan soň, takmynan 7 müň maşgalanyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilmegi göz öňünde tutulýar. Bu başlangyç boýunça meýilleşdirilen ähli ilatly nokatlaryň türkmen energetika ulgamyna birikdirilmek işi geljek bäş aýyň dowamynda tamamlanar.
Owganystanyň çägindäki tehniki işleri “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) kompaniýasy ýerine ýetirýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Abdul Bari Omar geçen ýylyň ahyrynda türkmen energetikleri bilen bilelikde durmuşa geçirilýän başga bir iri başlangyç barada-da habar beripdi. Bu gürrüň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamasy barada barýar.
Geçen ýylyň dekabr aýynda taslamanyň ugur kartasy tamamlandy we DABS ony ýakyn wagtda Aşgabada ibermegi meýilleşdirdi.
Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleri hem öz gezeginde goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassykladylar hem-de TOP we TOPH taslamalarynyň Aşgabat bilen Kabulyň arasynda energetika hyzmatdaşlygy we ykdysady bähbitler nukdaýnazaryndan esasy ähmiýete eýedigini nygtadylar.
