Ronaldo «Al-Nasr» bilen «Arkadag» duşuşygyna taýýarlyk türgenleşiklere gatnaşdy

Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldo Aziýanyň Çempionlar ligasy AFK-2-niň 1/8 final tapgyrynda türkmenistanly «Arkadag» toparyna garşy geçiriljek duşuşygyň öňüsyrasynda saud arabystanly «Al-Nasr» klubynyň türgenleşigine gatnaşdy.
Bu barada klubyň metbugat gullugy sosial ulgamlarda habar berdi. Neşirde toparyň türkmen klubyna garşy geçiriljek duşuşyga doly ünsi jemleýändigi bellenilýär:
“Eyes on the next challenge: #Nassr_Arkadag” («Ünsümiz indiki duşuşykda — “Al-Nasr” — “Arkadag”») — diýip, klubyň sosial ulgamlardaky paýlaşmasynda aýdylýar.
Ronaldonyň Saud Arabystanynyň çempionatynyň iki duşuşygyny goýberenden soň türgenleşiklere gaýdyp gelendigini bellemek gerek.
«Al-Nasr» bilen «Arkadagyň» arasyndaky ilkinji duşuşyk 11-nji fewralda Aşgabatda geçiriler. Jogap duşuşygy bolsa geljek hepde meýilleşdirilýär we ol Er-Riýad şäherinde bolar.