Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

«Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde meşhur dünýä futbolçysy Kriştianu Ronaldu bilen baglanyşykly täze tematik fotosurata düşmek üçin ýörite zolak döredildi.
Bu fotozolagy «Arkadag» FK bilen Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol klubynyň arasynda ýakynda geçiriljek duşuşygyna bagyşlanyp, uly futbol wakasynyň ruhuny goldamak maksady bilen guraldy.
Gurulan installyasiýa eýýämden söwda merkezine gelýän myhmanlaryň ünsüni özüne çekip, sport muşdaklary hem-de tanymal hüjümçiniň janköýerleri üçin surata düşülýän meşhur nokada öwrüldi.
Fotosurata düşmek üçin ýörite zolak söwda merkeziniň iş wagtynyň dowamynda myhmanlar üçin elýeterlidir.