Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

«Azerbaýjan Hazar Deňiz Gämiçiliginiň» (ASCO) Ulag flotuna degişli bolan «Barda» («Bərdə») paromynyň düýpli abatlaýyş işleri tamamlandy.
Abatlaýyş işleri gutarandan soň gämi degişli barlaglardan üstünlikli geçdi, ýük daşamalaryna täzeden gaýtaryldy we ilkinji gatnawynyň dowamynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy portuna 32 wagon hem-de 12 tirkeg eltip berdi.
Bellemeli zat, «Barda» paromy Hazar deňzindäki iň iri paromlaryň biridir. Gäminiň uzynlygy 154,5 metr, ini 17 metr bolup, tizligi 12,5 düwne barabardyr.