Danalaryň mirasy - dostluk köprüsi: Türkmen milli dünýä dilleri institutynda edebiýat agşamy

6-njy fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygy hem-de Zahyryddin Muhammet Babyryň doglan gününiň 543 ýyllygy mynasybetli medeni-edebiýat agşamy geçirildi.
Milli dünýä dilleri instituty bilen Özbegistanyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu dabarada dilçi talyplaryň halklaryň arasynda medeni diplomatiýanyň rowaçlanmagy üçin bize baý edebi mirasy goýan danalar bolan Magtymguly Pyragynyň, Alyşir Nowaýynyň we Zahyryddin Muhammet Babyryň döredijiliginden parçalary dürli dillerde ýerine ýetirmegi, wideo şekilleriň görkezilmegi edebiýat agşamynyň täsirini has-da artdyrdy.

Şonuň ýaly-da bu ýerde guralan Gündogaryň beýik danalarynyň edebi mirasynyň türkmen-özbek dostlugynyň köprüsini pugtalandyrýan parasatly kitaplarynyň we iki halkyň milli gymmatlyklarynyň sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň dowamynda institutyň “Altyn miras” medeniýet merkeziniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan özbek aýdymlary we iki ýurduň milli tanslary türkmen-özbek dost-doganlygynyň gülläp ösýändiginiň we bu gymmatlyklara ýokary derejede sarpa goýulýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Häzirki wagtda asyrlar boýy däp-dessur, milli gymamtlyklar, edebi miras, biri-birine has ýakyn dilleriň gatnaşygy esasynda dost-dogan bolup ýaşan türkmen hem özbek halklarynyň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy barha ösdürilýär. Munuň şeýledigini iki halkyň bilelikde alyp barýan parahatsöýüjilikli syýasatynda hem görmek bolýar.
ORIENT