Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy döwlet Baştutanynyň kitabyny tanyşdyrdy

05.02.2026|20:25|
39
turkmenistanyn-ukrainadaky-ilcihanasy-dowlet-bastutanynyn-kitabyny-tanysdyrdy
Surat çeşmesi: Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy

4-nji fewralda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy - parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu eser Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilen ýylynyň jemleýji resminamasy hökmünde dabaralandyryldy.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Ataýew çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyrylmagynyň ýurduň hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanýan garaýyşlaryny beýan edýän möhüm waka bolup durýandygyny belledi. Ilçi çykyşynda bu kitabyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esaslaryny we onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegini çuňňur syýasy-pelsepewi nukdaýnazardan açyp görkezýän gymmatly eserdigini nygtady.

посольство в Киеве презенация книги

Çykyşda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilendigine aýratyn üns berildi. Bitaraplygyň diňe bir daşary syýasat derejesi bolman, eýsem döwlet durnuklylygynyň, ykdysady ösüşiň we döwletliligiň pugtalandyrylmagynyň möhüm binýadydygy bellenildi. Kitapda bitaraplygyň parahatçylygy, howpsuzlygy, döwletara dialogy we özara ynamy ilerletmegiň täsirli guraly hökmünde tutýan orny giňden beýan edilýändigi bellenildi.

Şeýle-de kitapda öňe sürülen pikirleriň Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine doly laýyk gelýändigi, Türkmenistanyň halkara meselelerini parahatçylykly ýol bilen çözmäge, dialogy we araçyllyk tagallalaryny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynda öz beýanyny tapýandygy nygtaldy.

посольство в Киеве мероприятие

Ilçi Toýly Ataýew çykyşynda ýaşlaryň döwletiň ösüşindäki hereketlendiriji güýç hökmünde tutýan ornuny nygtady. Bu nukdaýnazardan seredilende, täze kitap ýaşlar üçin diplomatiýanyň we geljek üçin jogapkärçilige çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýän gymmatly bilim çeşmesi bolup hyzmat edýändigi aýdyldy.

Türkmen ýaşlary we diaspora wekilleri kitabyň mazmunyna uly gyzyklanma bildirdiler we häzirki dünýä şertlerinde bitaraplygyň orny baradaky garaýyşlaryny paýlaşdylar. Çykyşlarda ýaşlaryň parahatçylyk, jogapkärçilik we döredijilik pikirleriniň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýandygy aýratyn bellenildi.

посольство в Киеве презенация

Çäräniň dowamynda dutarda milli sazlaryň ýerine ýetirilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna, Bitaraplygyna we gazanan üstünliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy. Sergide ýurdumyzyň gözel şäherleriniň binagärlik keşbi, döwletlilik nyşanlary, milli özygtyýarlygy we häzirki zaman üstünlikleri aýdyň görkezildi.

Çäräniň ahyrynda kitabyň giň okyjylar köpçüligi üçin uly ähmiýete eýedigi, onuň Türkmenistanyň syýasatyna dogry we kämil düşünjäni kemala getirmäge, ýurduň halkara parahatçylygyny pugtalandyrmaga goşýan goşandyny açyp görkezmäge hyzmat edýändigi bellenildi.

ORIENT