Hytaýda senagat emeli intellektini ösdürmek boýunça işlere bat berilýär. Muňa mysal hökmünde, emeli intellekti önümçilikde ulanmaklyga hem-de kärhanalar üçin ýeňilleşdirilen sanly özgertmelere resmi wekilleriň aýratyn ähmiýet bermegi bilen, milli senagat maglumatlar gorunyň döredilmegini görkezmek bolar.
Hytaýyň Senagat interneti akademiýasy hepdäniň şenbe güni milli senagat maglumatlar goruny döredendigini habar berdi. Bu başlangyç, maglumatlary we hasaplaýyş infrastrukturasyny üpjün etmek arkaly ýurduň senagat emeli intellekt pudagyny ösdürmegi maksat edinýär.
Maglumatlar gory çig mallaryna we önümçilik işlerine degişli maglumatlary, şeýle hem beýleki esasy tehniki maglumatlary özünde jemleýär. Olary standartlaşdyrylan we bir bitewi maglumat ulgamyna birleşdirýär. Onuň esasy maksady – uly möçberdäki ygtybarly maglumatlary talap edýän senagat emeli intellekt görnüşlerini döretmekdir.
Degişli resmi wekilleriň bellemegine görä, maglumatlar gory Milli senagat internetiniň uly maglumatlar merkeziniň hem-de Enjam önümçiligi üçin sanly üpjünçilik zynjyry meýdançasynyň esasynda döredildi. Häzirki wagta çenli bu ulgam 180 müň sany çig mal görnüşleriniň aýratynlyklaryny, 35 terabaýt göwrümde edil häzirki wagt tertibindäki enjam iş maglumatlaryny, 230 million sanly senagat önüminiň we 300 müň önümçilik işleriniň ýazgylaryny özünde jemleýär.
Bu ösýän maglumatlar gory işjeň ulanylýar we 430 müň sany kompaniýada işleýän 2 million inženerleri emeli intellekt esasly gurallar bilen üpjün edýär. Maglumatlar gory ýokary tehnologiýaly dizaýn, işi meýilleşdirmegi awtomatlaşdyrmak, maksatlaýyn seljermek we enjamlaryň tehniki hyzmatyny çaklamak ýaly iş ugurlarynda ulanylýar.
“Milli senagat maglumatlar gory pudakdaky maglumatlaryň netijeli birleşdirilmegini we howpsuz ulanylmagyny üpjün edip, artykmaç infrastrukturanyň döredilmeginiň öňüni alýar. Netijede, senagat özgertmelerindäki näsazlyklary aradan aýyrýan umumy “maglumatlar ýangyjyny” we ýokary tehnologiýaly ösüş gurşawyny döredýär,” diýip, Hytaýyň Senagat interneti akademiýasynyň Tor boýunça ylmy-barlag institutynyň direktory Çžan Sýu belledi.
Häzirki wagtda Hytaýda 340-dan gowrak netijeli senagat internet meýdançasy hereket edýär. Ýurt boýunça öz aralarynda baglanyşdyrylan senagat enjamlarynyň sany 100 milliondan geçip, esasy kärhanalarda sanly ylmy-barlag we ösüş gurallarynyň ulanylyş derejesi 85.4 göterime ýetdi. Mundan başga-da, esasy senagat gurallarynyň 68.5 göterimi sanly dolandyryş tertibinde alnyp barylýar.
Bu görkezijiler senagat maglumat aktiwleriniň dolanyşygy we girdeji almak üçin berk binýady döredýär.
“Biz milli maglumatlar goruny giňeltmegi we pugtalandyrmagy dowam etdireris. “Senagat internetiniň meýdançasy + Emeli intellekt agenti” görnüşini tizleşdirmek arkaly mundan beýläk-de hasaplaýyş serişdelerini has netijeli ulanarys we senagat emeli intellektini öňe sürmek üçin ygtybarly maglumatlary hem-de gaýtadan işlemek mümkinçiliklerini hödürläris,” diýip, Hytaý Senagat interneti akademiýasynyň partiýa sekretary Tian Çuan habar berdi.