«2001» binagärlik studiýasy göçme ýaşaýyş üçin özboluşly çözgüdi — howanyň kömegi bilen göwrümini ulaldýan hereketli öý konseptini hödürledi. E22SSPIU! atly bu taslama Lýuksemburgyň Eş şäheri üçin işlenip taýýarlandy. New Atlas neşiriniň habar bermegine görä, bu ýaşaýyş jaýy giňişligi giňeltmegiň täze mümkinçiliklerini açyp görkezýän ylmy-barlag konsepti bolup durýar.

Öýüň binýady polat materialdan ýasalan iki okly tirkegden ybaratdyr. Gurluş minimalist görnüşde ýerine ýetirilen: penjireler ýok diýen ýaly, girelge bolsa metal pandus bilen enjamlaşdyrylan. Öý hereketde bolanda ýaşaýjylara diňe aşaky gat elýeterlidir. Ykjamlygyna garamazdan, bu ýerde naharhana meýdançasy bolan doly derejeli aşhana hem-de ähli zerur sanitariýa enjamlary bilen üpjün edilen wanna otagy ýerleşdirildi.
Esasy täsinlik duralgada ýüze çykýar. Pnewmatik diregler üçegi ýokary galdyrýar, güýçli kompressor bolsa uly iki gatly howa gümmezini çişirýär. Ol doly derejeli ikinji gata öwrülýär. Dakylyk gabykly pol bildn örtülen bu giň meýdan alty adama çenli ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýatylýan zolagyň interýerinde howa bilen doldurylýan düşekler ulanylýar, poluň ýörite tor görnüşli oturtmasy bolsa ýokarky gatdan aşhana tebigy ýagtylygyň geçmegine mümkinçilik berýär. Ýokary gata basgançak ýa-da ýörite lift arkaly çykmak bolýar.

Taslamanyň döredijileri ekologiýa meselelerine hem aýratyn üns berdiler. Öý suw gaýtadan dolanyşyk ulgamy bilen enjamlaşdyrylan: elýuwujydan we duşdan gelen hapa suwlar arassalanýar we täzeden hajathana üçin ulanylýar. Howa bilen giňelýän bu öý häzirki wagtda diňe synag nusgasy bolsa-da, ol tehnologiýalaryň ýaşaýyş meýdanynyň ýetmezçiligini nädip çözüp biljekdigini, şol bir wagtyň özünde jaýy hem ýokary derejede göçme, hem-de giň edip biljekdigini aýdyň görkezýär.
ORIENT
