Hytaýda ilkinji gigawatt kuwwatly deňiz fotoelektrik taslamasy — häzirki wagtda dünýäde açyk deňizde ýerleşýän iň uly Gün elektrik stansiýasy — doly elektrik toruna birikdirildi. Bu waka ýurduň dikeldilýän energetikasynyň ösüşinde möhüm tapgyr boldy. Bu barada anna güni Hytaýyň Energetika maýa goýumlary baradaky korporasiýasy habar berdi.
Hytaýyň gündogaryndaky Şandun welaýatynyň Dunýin şäheriniň Kenli etrabynyň kenarýakasynda ýerleşýän taslama 1200 gektardan gowrak meýdany eýeleýär. Onda hersiniň uzynlygy 60 metr, ini 35 metr bolan 2934 sany uly deňiz fotoelektrik platformasy bar. Bu bolsa bäş sany adaty basketbol meýdançasyna deňdir.
Döwlet eýeçiligindäki Hytaýyň Energetika maýa goýumlary korporasiýasynyň golçur kompaniýasy bolan Guohua Energy Investment Company tarapyndan işlenip taýýarlanan taslama birnäçe tehnologik täzelikleriň öňdebaryjysy boldy.
Hytaýda ilkinji gezek fotoelektrik pudagynda ýokary tizlikli signallary uzak aralyga geçirmek üçin 66 kilowoltlyk deňiz kabeli kenar kabeli bilen bilelikde ulanyldy. Bu bolsa has az çykdajy bilen uly geçirijilik kuwwatyny üpjün edýär.
Bu taslamanyň pudakda uly möçberli deňiz Gün elektrik stansiýalarynyň ösdürilmegi üçin nusga bolup hyzmat etmegine garaşylýar.
«Taslamada uly möçberli polat fermalary ulanyp, inovasion sütüniň binýady tehnologiýasy ulanylýar. Gurluş “dört sütünli binýat we Gün platformasy” görnüşinde ýerine ýetirilip, paneller takyk kalibrlenen 15 gradus burçda ýerleşdirilýär. Bu diňe bir 11 bal güýjündäki güýçli tupanlara we gyşky buz şertlerine garşy durmaga mümkinçilik bermän, eýsem poladyň ulanylyşyny 10 göterimden gowrak azaldyp, geljekde deňiz Gün elektrik stansiýalarynyň gurluşygy üçin gymmatly tejribe berýär», — diýip, Guohua Energy Investment kompaniýasynyň Kenli taslamasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Çžan Bo aýtdy.
Doly işe girizilenden soň, taslamanyň ýylda takmynan 1,78 milliard kilowatt-sagat elektrik energiýasyny öndürmegine garaşylýar. Bu bolsa Kenli etrabynyň umumy elektrik zerurlygynyň 60 göterimini üpjün etmek üçin ýeterlikdir.
Bu taslama sebit derejesinde energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we Hytaýyň ýaşyl, pes uglerodly ykdysadyýete geçişini tizleşdirmek ýolunda möhüm ädim bolup durýar.