Amerikanyň Birleşen Ştatlary 2025-nji ýylyň iýun aýynda Prezidentiň Karary esasynda girizilen, Türkmenistanyň raýatlarynyň immigrasiýa däl wizalaryň käbir görnüşleri boýunça ABŞ-a girişine degişli çäklendirmeleri täzeden gözden geçirdi.
Degişli üýtgeşmeler 2025-nji ýylyň dekabr aýynda neşir edilen Ak Tamyň täzelenen Kararynda berkidildi.
Resminamada №10949 Karar çap edilenden bäri Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen konstruktiw hyzmatdaşlygy ýola goýandygy we şahsyýeti kesgitlemek boýunça maglumatlaryny dolandyrmakda hem-de maglumat alyş-çalşygy ulgamyny kämilleşdirmekde ep-esli öňegidişlik gazanandygy bellenilýär. Bu ädimler amerikan tarapy tarapyndan oňyn baha aldy we öň girizilen çäklendirmelere gaýtadan seretmek üçin esas boldy.
Gazanylan netijeleriň esasynda Türkmenistanyň raýatlarynyň immigrasiýa däl wizalaryň B-1, B-2, B-1/B-2, F, M we J kategoriýalary boýunça ABŞ-a girmegine goýlan çäklendirme ýatyryldy. Şeýlelikde, wagtlaýyn saparlara degişli çäklendirmeler ýeňilleşdirildi.
Gaýtadan elýeterli bolan wizalar
Täzelenen resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlary aşakdaky immigrasiýa däl wiza kategoriýalary boýunça gaýtadan ýüz tutup we ABŞ-a girip bilerler:
• B-1 — iş saparlary, gepleşiklere, maslahatlara we iş duşuşyklaryna gatnaşmak;
• B-2 — syýahatçylyk saparlary, garyndaşlara baryp görmek, bejergi almak we hususy maksatlar;
• B-1/B-2 — iş we syýahatçylyk saparlary üçin birleşdirilen wiza;
• F — ABŞ-nyň akkreditirlenen okuw mekdeplerinde bilim almak;
• M — hünär we tehniki okuw;
• J — bilim, ylmy, hünär we medeni alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşmak.
Çäklendirmeleriň ýatyrylmagy görkezilen wiza kategoriýalary boýunça ýüz tutmalary we ABŞ-a girişleri adaty tertipde gaýtadan dikeltmegi aňladýar.
Şol bir wagtyň özünde resminamada gazanylan öňegidişlige garamazdan, käbir meseleleriň henizem çözülmändigi nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň raýatlarynyň ABŞ-a hemişelik ýaşamak üçin niýetlenen immigrasiýa wizalary boýunça, şol sanda hemişelik ýaşaýjy (Green Card) derejesini almak maksady bilen girişleri henizem togtadylan ýagdaýda galýar. Amerikan tarapy bu ugurda seljermeleriň dowam edýändigini habar berýär.
ORIENT
