Koreýaly sarp ediji harytlary — kosmetika (K-Beauty), moda hem-de öý harytlary — Merkezi Aziýada çalt depginde meşhurlyk gazanýar. “Koreýa tolkunynyň” mazmunynyň giňden ýaýramagy netijesinde C5 sebitiniň (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) bazary koreý kompaniýalary üçin täze strategik meýdana öwrüldi.
Doly göwrümli ykdysady hyzmatdaşlygyň resmi başlangyjyna 4–5-nji dekabrda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde badalga berildi. Bu ýerde KOTRA (Koreýanyň Söwda we Maýa goýumlary ösüş agentligi) hem-de Koreýanyň Söwda ministrligi tarapyndan «Koreýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda sarp edijilik harytlary boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk meýdançasy» atly çäre geçirildi. Bu barada işewürlik we söwda boýunça ýöriteleşrn abraýly koreý ykdysady neşiri “Şu gün MSB” (sbiztoday.kr) habar berdi.
Bu çäre Koreýanyň C5 sebitine ulgamlaýyn ýaýraýandygyny alamatlandyrdy. KOTRA Merkezi Aziýany “Global Günortada täze geljegi uly bolan bazar” diýip bahalandyrýar. Sebäbi bu sebitde ilatyň girdejileri ýokary depginde ösýär (C5 ýurtlarynyň JIÖ-niň ösüşi ýylda 3–9% aralygynda), munuň bilen birlikde koreý önümlerine bolan isleg hem barha artýar.
Mysal üçin, Gyrgyzystanda koreý kosmetikasynyň importy 2024-nji ýylyň ýagdaýyna görä eýýäm esasy bäş import harytlarynyň biri boldy. Soňky üç ýylyň dowamynda Koreýadan edilen umumy import bolsa täsin 379% köpeldi.
«Ykdysady hyzmatdaşlyk meýdançasynyň» çäklerinde ýerli hyzmatdaşlar bilen işjeň maslahatlar, B2B maslahatlaşmalary geçirildi: 20 koreý kompaniýasy ýerli satyn alyjylar bilen 106 sany ikiçäk duşuşyklary geçirdi. Merkezi Aziýanyň iň uly lomaý bazar operatory — «Dordoý» Assosiasiýasy hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi. Bu bolsa logistikanyň we paýlanyşygyň giňeldilmegi boýunça meýilnamalaryň degişli ulgamlaryň döredilmegi derejesine geçendigini görkezýär.
Geljekde KOTRA Gyrgyzystany goňşy ýurtlar, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin esasy binýadyň biri hökmünde ulanmagy, şeýle hem C5+1 görnüşinde K-Consumer sarp edijilik harytlaryna (Korean Consumer Goods — dünýä bazarynda meşhurlyk gazanan Günorta Koreýa önümleriniň umumy marketing ady) gönükdirilen ykdysady hyzmatdaşlyk taslamasyny ösdürmegi meýilleşdirýär.
ORIENT
