
Aşgabat/Doha, 26-njy noýabr | ORIENT. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Dohada Kataryň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Çarşenbe güni geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň we hususy pudaklaryň arasyndaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen tarapy iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen Kataryň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meýillerini beýan etdi.
Gün tertibiniň esasy meselesi Türkmen – katar işewürler geňeşini döretmek baradaky ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça işleri çaltlaşdyrmakdan ybarat boldy.
Mergen Gurdowyň belleýşi ýaly, bu geňeşiň maksady – iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklara oňyn täsirlerini ýetirmekden etmekden ybaratdyr.
Öz gezeginde, Katar Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mohammed bin Ahmed bin Twar Al Kuwari katarly işewürleriniň Türkmenistandaky maýa goýum ýagdaýyny we mümkinçiliklerini öwrenmäge we katarly maýadarlara laýyk gelýän geljegi uly pudaklary kesgitlemäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Katar tarapy hususy pudaklaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga doly goldaw berýändigini mälim etdi. Munuň özi bolsa katarly işewürleri türkmen kärdeşleri bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga höweslendirýändigini belledi.
Katar Palatasynyň Direktorlar geňeşiniň agzasy doktor Mohammed bin Jauwhar Al Mohammed şeýle bilelikdäki işewür geňeşleriň hususy pudagyň ýüzbe-ýüz bolup biljek päsgelçiliklerini we kynçylyklaryny aradan aýyrmakda möhüm orny eýeleýändigini belledi. Geňeşiň döredilmegi işewür toparlaryny has ýakynlaşdyrar, bar bolan mümkinçilikleri has gowy öwrenmäge mümkinçilik berer we Katar bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady integrasiýany pugtalandyrmaga goşant goşar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow katarly işewürleri resmi taýdan bar bolan maýa goýum mümkinçiliklerini ýerinde öwrenmek üçin Türkmenistana gelmäge çagyrdy.