ABŞ-nyň «Amazon.com Inc.» kompaniýasy «Amazon Web Services» (AWS) ulgamynyň mümkinçiliklerini we emeli aň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak hem-de giňeltmek maksady bilen 50 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, taslamanyň işjeň tapgyry 2026-njy ýylda başlar. Taslamanyň çäginde täze maglumat merkezleri gurlar, bu bolsa «AWS-nyň» umumy güýjüni 1,3 GW ýokarlandyrmaga we öňdebaryjy hasaplaýyş hem-de ulgam tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Netijede bu çözgüt dürli düzümlerde EA platformalarynyň işjeňleşmegini, olaryň giň gerimli maglumatlar bilen üpjün edilip, öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda ABŞ-nyň çägindäki 11 müňden gowrak döwlet edarasy «AWS-nyň» bulut hyzmatlaryndan peýdalanýar.
ORIENT
