Apple kompaniýasy korporatiw satuwlar boýunça onlarça hünärmeni işden boşadyp, olara kompaniýanyň beýleki bölümlerinde degişli wezipelere geçmegi teklip edip başlady. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, iri korporasiýalar we döwlet guramalary bilen işleýän işgärleri öz içine alýan bu wezipe üýtgetmeleri kompaniýanyň bu bazar pudagynda önümleriň satuw ulgamlaryny optimizirlemek maksadyna gönükdirilendir.
Işden boşatmalar korporatiw gurşawda Apple önümleriniň tanyşdyrylyşy we hasaplar bilen işleşmegi üpjün edýän hünärmenlere täsir etdi. 20-nji ýanwara çenli täze wezipe tapyp bilmedik işgärler öwezini dolma tölegleri bilen işden boşadyljakdyr.
Apple wekilleriniň bellemegine görä, Awstraliýada we Täze Zelandiýada meňzeş işden boşatmalardan soň girizilen bu üýtgeşmeler korporatiw müşderiler bilen gatnaşyklary giňeltmäge we funksiýalaryň gaýtalanmagyny aradan aýyrmaga gönükdirilendir.
Emma resmi däl çeşmeler başga mümkin sebäpleri hem görkezýärler:
• Resellerler bilen çalyşmak: Apple ýokary çykdajyly satuw işgärleriniň ýerine daşary ýurt resellerleriniň hyzmatlaryny peýdalanmak arkaly hemişelik zähmet çykdajylaryny azaltmaga synanyşyp biler.
• Döwlet pudagy: Işden boşatmalar ABŞ-nyň döwlet guramalary (Goranmak we Adalat ministrlikleri) bilen işleýän bölümleri hem öz içine aldy. Munuň belli bir bölegi hökümetiň içki özgertmelerinden we ýakynda bolan 43 günlük hökümetiň işiniň togtadylmagyndan gelip çykyp biler.
Apple-nyň häzirki wezipe optimizirlemegi Amazon ýa-da Meta ýaly bäsdeş kompaniýalardaky köpçülikleýin işden boşatmalara garanyňda has çäkli möçberde boldy.
ORIENT
