Aşgabatda ýuridiki kömeginiň ulgamyny ösdürmäge hem-de adam hukuklaryny ilerletmekde adwokatlaryň ornuny güýçlendirmäge bagyşlanan aýratyn guramaçylykly maslahat — tegelek stol duşuşygy geçirildi. Bu çäre Aşgabadyň Adwokatlar kollegiýasynyň Prezidiumy hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan bilelikde guraldy we gyzyklanma bildirýän giň toparlary jemledi.
21-nji noýabrda geçirilen tegelek stol duşuşygyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, kazyýet ulgamynyň, hukuk goraýjy edaralaryň hem-de beýleki degişli döwlet düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýagdaý ýurduň hukuk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýokary derejedäki gyzyklanmany görkezdi. Şeýle hem taslamanyň maliýeleşdirilmegine goşan goşandy üçin Beýik Britaniýanyň Ilçihanasynyň aýratyn orny bellendi.
Çärede, ilat toparlarynyň, hususan-da, aýallaryň we maýyplygy bolan adamlaryň adalatly kazyýete elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin alnyp barylan bilelikdäki taslamanyň netijeleri jemlendi.

Tegelek stol duşuşygynda görkezilen möhüm üstünlikleriň hatarynda aşakdakylary aýratyn bellemek bolýar:
Milli professional adwokatlar assosiasiýasyny döretmek boýunça ýol kartasynyň taýýarlanylmagy ― hukuk jemgyýeti ulgamyny jebisleşdirmäge gönükdirilen möhüm ädim;
Türkmenistanyň ähli künjeginde raýatlara ýuridiki kömegine çalt we ýeňil elýeterliligi üpjün edýän, döwrebap Adwokatlar kollegiýasynyň web-saýtynyň döredilmegi;
Goranmaga bolan hukugy üpjün etmek boýunça kepillikleri güýçlendirmäge gönükdirilen anyk teklipleri özünde jemleýän Jenaýat kodeksiniň seljermesiniň geçirilmegi.
UNDP-nyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan çykyşynda bu netijeleri hukugyň hökmürowanlygyny ilerletmek we hukuk kömeginiň ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işleri täze derejä çykarmaga ýardam berýän möhüm ädim hökmünde nygtady. Bu işler ähli raýatlar üçin hukuk mümkinçilikleriniň elýeterli hem-de inklýuziw bolmagyny maksat edinýär.

Tegelek stol duşuşygy adwokatlaryň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň arasynda diňe bir göni dialog üçin däl, eýsem tejribe alyşmak üçin hem gymmatly mümkinçilik döredip, mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň berk binýadyny goýdy. Bu gatnaşyklaryň esasy maksady — Türkmenistanyň ýuridiki kömegi ulgamyny halkara standartlaryna laýyk getirmek hem-de adam hukuklaryny goramak boýunça milli gurallaryny güýçlendirmekden ybaratdyr.

ORIENT
