Türkmenistanyň çäginde şu hepdäniň dowamynda amatly we aýdyň howa şertleri saklanyp galar. Howa hünärmenleri ýagşyň bolmagyna garaşmaýarlar, temperaturanyň derejesi bolsa noýabryň ahyryna çenli ýakymly bolar.
Şu gün Balkan we Ahal welaýatlarynyň günorta künjeginde ýyly howa dowam eder. Beýleki sebitlerde +16…+21°. Aşgabatda gündiz +22…+24° maýyl bolar.
Çarşenbe. Iň ýyly howa Mary welaýatynda bolar — +18…+23°. Galan welaýatlarda +15…+20°, Aşgabatda +18…+21° maýyl bolar.
Hepdäniň ortalaryna çenli bulutlylygyň birneme artmagy mümkin, ýöne howa gurak bolup galar. Howa hünärmenleri möhüm üýtgeşmelere garaşmaýarlar.
Hepdäniň ahyryna golaý temperaturanyň peselmegi diňe ýurduň demirgazyk böleginde bolup biler — gündiz +8…+13°. Merkezi we günorta sebitlerde hepde +13…+18° derejesinde tamamlanar, bu görkeziji noýabr üçin amatly hasaplanylýar.
ORIENT
