Le.Travel syýahat agentligi meşhur aýdymçy Waleriý Meladzeniň konsertine bagyşlanan, Türkmenistandan Daşkende ýörite üç günlük syýahat ugrunyň işe girizilendigini mälim etdi.
Maksatnamanyň möhleti 12–14-nji dekabr bolup, rahat transferi, gezelenç maksatnamasyny we ýylyň iň garaşylýan konsertleriniň birine barmagy öz içine alýar.
Syýahatyň maksatnamasy
12-nji dekabrda gatnaşyjylar Alot serhet nokadynda ýygnanýar. Soňra olara Buhara çenli transfer we ýokary tizlikli otly bilen Daşkende ugramak hem-de myhmanhana ýerleşmek garaşýar.
13-nji dekabrda ertirlik naharyndan soň syýahatçylara Daşkent boýunça giň gerimli gezelenç garaşýar: Hast-Imam meýdançasy, Amir Temur meýdançasy, Amaly-haşam sungaty muzeýi, Garaşsyzlyk meýdançasy, teleýaýlymlar binasy ýa-da “Anhor Lokomotiw” seýilgähi. Soňra myhmanlar “Halklaryň dostlugy” köşgünde Waleriý Meladzeniň konsertine gatnaşarlar.
14-nji dekabrda syýahatçylaryň ýokary tizlikli otly bilen ýene-de Buhara ugramagy göz öňünde tutulýar. Giňişleýin maglumat we ýerleri öňünden sargyt etmek üçin şu nomer bilen habarlaşyp bilersiňiz: (+99365) 98-34-34.
Agentligiň Aşgabatdaky ofis salgylary:
«Ak Altyn» işewürlik merkezi, 2-nji gat;
«Berkarar» söwda merkezi, 1-nji gat;
«Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi;
**Lebap welaýatynda:
Türkmenabat şäheri, «Lebap söwda merkezi»;
Instagram: @le.travel.tm
Tema boýunça okaň:
— Le.Travel Buhara biýennale 2025 çäresine üýtgeşik syýahaty teklip edýär
ORIENT
