Türkmenistanyň paýtagtynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölümi tarapyndan, şeýle hem Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň goldawy bilen rus dili boýunça açyk bäsleşik başlandy. Bäsleşige 14 ýaşdan ýokary islendik isleg bildirýän adam gatnaşyp biler.
Bäsleşigiň maksady — rus dilini wagyz etmek, dil taýdan sowatlylygy hem-de döredijilik başarnyklaryny ösdürmek.
Gatnaşyjylara iki blokdan ybarat meseleler teklip edilýär:
• gabat gelme, tertip we logika boýunça 15 test soragy;
• döredijilik işi — islendik erkin tema boýunça 300 nyşana çenli ölçegde mini-esse.
Synag göni gatnaşmak görnüşinde geçirilýär, meseleler şol ýerde berilýär. Her bir gatnaşyja şahadatnama berilýär, ýeňijilere bolsa sowgatlar garaşýar.
Bäsleşik 2025-nji ýylyň 25-nji noýabryndan 26-njy dekabryna çenli dowam edýär. Synag ýumuşlary her gün 11:00-dan 17:00-a çenli Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 11 salgysy boýunça Aşgabatdaky Rus öýünde ýerine ýetirilip bilner.
Ýeňijileriň atlary 2026-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda guramaçylaryň resmi maglumat serişdelerinde çap ediler. Netijeler çap edilenden soňra sowgatlaryň gowşurylmagyna başlanylar.
Bäsleşik rus dilini özleşdiriş derejesini barlamaga, döredijilik başarnyklaryny görkezmäge hem-de mynasyp baha almaga mümkinçilik berýär.
ORIENT
