«OpenAI» kompaniýasy «ChatGPT-niň» ulanyjylarynyň sanynyň ep-esli artjakdygyny çaklaýar. Maglumata görä, 2030-njy ýyla çenli bu hyzmaty her hepde 2,6 milliard adam ulanar. Olaryň, takmynan, 8,5%-i, ýagny 220 milliona golaý ulanyjy, tölegli abuna ýazylar diýip garaşylýar. Bu görkeziji «OpenAI» kompaniýasyny dünýäde abunaçylarynyň sany boýunça iň iri kompaniýalaryň birine öwrüp biler.
Hasabata görä, iýul aýynda, takmynan, 35 million adam, ýagny hepdelik işjeň ulanyjylaryň 5%-e golaýy «Plus» ýa-da «Pro» nyrhnamalaryna ýazyldy. Ýeri gelende bellesek, olaryň bahasy aýyna degişlilikde 20 we 200 amerikan dollaryna deňdir.
«Reuters» saýtynyň habar bermegine görä, ýylyň ahyryna çenli «OpenAI-niň» ýyllyk girdejisi 20 milliard amerikan dollaryna ýetip biler. Emma kompaniýanyň çykdajylary hem deň derejede ýokarlanýar. 2025-nji ýylyň ilkinji ýarymynda «OpenAI» 4,3 milliard amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy. Munuň özi geçen ýylyň ähli girdejisinden 16% köpdür. Kompaniýanyň çykdajylary bolsa 2,5 milliard amerikan dollaryna barabar bolup, olaryň esasan ylmy-barlag işlerine, emeli aňyň esasynda işlenip düzülýän taslmalara we «ChatGPT» hyzmatynyň goldawyna sarp edilendigi aýdylýar.
Şeýle-de kompaniýa geljekdäki girdejiniň, takmynan, 20%-iniň elektron söwda we mahabata gönükdirilen täze önümlerden gelmegine bil baglaýar.
ORIENT
