
Şu gün — 24-nji noýabrda — Yragyň Erbil şäherinde azyk önümlerini gaýtadan işlemek we gaplamak tehnologiýalary boýunça sekizinji halkara sergisi Agro Pack Iraq 2025 öz işine başlady. Çäre Erbil International Fairground meýdançasynfa geçip, sebitiň ähli künjeklerinden öňdebaryjy öndürijileri, maýadarlary hem-de azyk we logistika pudagynyň hünärmenlerini bir ýere jemledi.

Bu ýylky sergi çäresinde dört türkmen öndüriji kompaniýasy çykyş edýär: Altyn Ýunus, Arçalyk, Doganlar Ýyldyzy we Ýüpekçi. Olar Ýakyn Gündogaryň iri pudaklaýyn platformalarynyň birine gatnaşmagy Türkmenistanyň senagat mümkinçilikleriniň pugtalandyrylýandygyny, eksport ugurlarynyň giňeldilýändigini hem-de içerki önümleriň halkara bazarlaryna üstünlikli çykarylýandygyny görkezýär.

17 müňe golaý inedördül metr meýdany bolan döwrebap Erbil International Fairground toplumynda guralan sergi 27-nji noýabra çenli dowam eder. Ilkinji üç gün — 11:00–19:00 aralygynda, soňky gün bolsa — 11:00–17:00 aralygynda myhmanlar üçin açyk bolar.

Agro Pack Iraq sergisi däp boýunça ýokary görkezijiler bilen tapawutlanýar: sekiz üstünlikli geçirilen sergi möwsümi, 20-den gowrak ýurtdan 360-dan gowrak gatnaşyjy we eksponent. Sergä her ýyl 14 müňden gowrak ýokary hünärli myhman gatnaşýar. Şeýlelikde, onuň azyk önümlerini gaýtadan işlemek, gaplamak, saklamak we logistika ugurlary boýunça innowasiýalaryň, enjamlaryň hem-de çözgütleriň görkezilýän sebitdäki esasy platforma bolup galmagyna şert döredýär.

Türkmen kompaniýalary üçin Agro Pack Iraq 2025 sergisine gatnaşmak öz önümlerini halkara bazarlarynda hem-de sebitde giňden öňe sürmek, işewür gatnaşyklary giňeltmek, häzirki zaman tehnologiý ugruny öwrenmek we eksport mümkinçiliklerini berkitmek babatda täze mümkinçilikleri açýar. Olar Erbilde halkara hil standartlaryna laýyk gelýän önümlerini we täze işläp taýýarlamalaryny görkezýärler.

Türkmen tarapynyň gatnaşygyny gurnamakda halkara kompaniýalar Sofuar we Net Organization guramaçylyk taýdan ýokary derejede goldaw berýärler.
ORIENT