…Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda ýene-de dünýä sazynyň ajaýyp eserleri ýaňlandy. 18-nji noýabrda, diňleýjilerden doly zalda, meşhur fransuz kompozitory, ses reňkleriniň ussady hem-de saz impressionizminiň görnükli wekili Moris Raweliň 150 ýyllygyna bagyşlanan “Bolero” atly konsert geçirildi.
Raweliň sazlary adamy başga bir dünýä alyp gidýän ýaly: onuň nepis, öwüşginli dünýäsi, gündogaryň howasy, ispan gyzgyny, fransuz salkynlygy, goýy şekiller, inçe gözellik, nepislik we ýüregi ýyladýan ýuwaş ýagtylyk bilen doldurylan dünýä…
Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan “Infantanyň ölümi üçin pawan” (“Pavane pour une infante défunte”) Raweliň täsin keşpleriniň galereýasyna giriş boldy. Pianistiň barmaklary klawişlere degende, sesler güne garşy uçýan ýeňil tozanjyklar ýaly göterilýär. Eliňi uzatsaň tutup bolmaýan ýaş infanta edil sazlaryň içinden geçýän ýaly. Ýeňil, çalaja ädim, ýüpek köwüşleriň sesi, ýuwaş dem, nurana ýylgyryş… Ebedilige siňip gidýän bir keşp. Pianist bu inçeligi we durylygy nähili nepislik bilen saklaýar – edil pyşyrdysyny meýdança ýaýradýan ýaly, ýuwaş, mylaýym, oýlanjyrap, sessizlige siňip gidýär.

“Gijeki Gaspar” (“Gaspard de la nuit”) diýen fortepiano toplumyndaky “Ondine” (“Undina”) eserinde bolsa öňümizde başga bir dünýä açylýar. Howa ýaly ýeňil, jadyly, öwüşginli sazyň içinde iňňän owadan, sowuk, emma özüne çekiji suw perisi janlanýar. Pianistiň oýny haýaljak, frazalaryň dem alyşy suwuň ýüzündäki yşyk ýaly sermenip, tolkunlaryň ýüze çykarýan näzik yşyklary döredýär. Peri ýolagçyny suwuň astyndaky patyşalygyna çagyryp duran ýaly. Ahyrynda bolsa bu hyýaly gözellik ýok bolup, diňe ýeňil tolkuny galdyrýar.
Türkmenistanyň at gazanan artisti, orkestriň baş dirižýory we çeper ýolbaşçysy Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetiren Raweliniň D-dur fortepiano konserti bolsa ajaýyp ýaňlandy. Ilkinji taktlar bilen orkestr gün ýaly ýagty energiýa bilen joşup gitdi. Pianistiň oýny – çeýe, ajaýyp, çalt. Orkestr bilen gepleşik – takyk we janly. Birinji bölüm feýerwerk ýaly joşgun bilen tamamlananda zal hem ahyryndaky ýagty şöhle bilen dem alyp galdy.
Düşen ümsümlikden soň, ikinji bölümde Mkrtumow iň inçe, mylaýym kantilenany alyp gitdi – ol ýürekden çykýan yşarat ýaly eşidilýärdi, orkestr bolsa bu inçeligi bozman, onuň gapdalyndan ýuwaş oýnuny dowam edýärdi. Üçünji bölüm – bir bada patlaýan hyjuw. Pianist çalt, batyrgaý, sahnalaşdyrylan çeperlik bilen oýnaýar, onuň elleri görünmeýän ýaly – hereketiň özi bilen garyşýar. Orkestr hem bu joşguny alyp gidip, oňa degişlilik, şowhun we öwüşginli häsiýet goşýar. Bütin bu güýçli joşgunyň arasynda ses bolsa – dury, ýygjam, özünde doly saklanýar. Final – ýiti, şöhratly, triumfal! Zal bolsa el çarpyşmalardan ýaňa joşýar.
Orkestr tarapyndan ýerine ýetirilen “Alborada del gracioso” (“Alborada”) Ispaniýanyň säher günüň doguşy ýaly ýagtylygyna joşup çykdy. Kirişli, agaç üflenip çalynýan we mis gurallar biri-biri bilen oýnaýar, şowhunly degişmeleri bir-birine geçýär. Diňleýjiler bu ýagty, oýunly, otly hujywdan dolan tans ýaly saza haýrana galdylar.

We iň soňunda – meşhur “Bolero”. Ol çala eşidilýän pyşyldydan başlaýar: kiçi depiň birmeňzeş, täsir ediji äheň sazy öňe alyp gidýär. Orkestr bolsa instrumentden instrumente goşulyp, ýagty ot gülüne meňzäp giňeýär. Ses güýçlenýär, güýçlenýär, giňelýär. Dirižýor az hereket edýär – diňe bu saklanyp bolmaýan ulalyşy ugrukdyrýar. Emma barha giňeýän bu güýçli tolkuny ol ädimme-ädim öz eline jemleýär. Kulminasiýasynda “Bolero” gözýetimdäki alaw ýaly ulalyp gidýär: üflenip çalynýanlar gaty seslenýär, kirişliler joşýar, urgular howany ýaryp geçýär, final bolsa ýagty, ajaýyp apofeoz bilen tamamlanýar.
Şol pursat zal el çarpyşmalardan ýaňa ganatlandy. Diňleýjiler örän hoşal bolup, Moris Raweliň beýik zehinine we bize şeýle täsirli duýgular dünýäsini bagyşlan ajaýyp ýerine ýetirijilere uzak wagtlap alkyş aýtdylar.

Raweliň sazlary – wagtyň dowamynda geçip barýan jadyly ýüpek sap ýaly. Ol hemişelik ýuwaş ýagtylyk saçýar, bizi dünýä alyp gidýär, ol ýerde ses – ajaýyplyga öwrülýär, her bir nota bolsa ýüzlenip, şöhle saçýar, öz taryhyny aýdýar.
Swetlana KIM
