2026-njy ýylyň 20 — 22-nji ýanwary aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde toý we dabara lybaslaryna ýöriteleşen «IF Wedding Fashion 2026» sergisi geçiriler. Hasap boýunça 19-njy gezek geçiriljek bu iri gözden geçirilişde gelinliklere, öýlenýän ýigitlere niýetlenilen, şeýle-de beýleki dabaralada geçmek üçin lybaslar babatda iň soňky tendensiýalary, täze dizaýnlary hem-de öňdebaryjy brendleri birleşdirmegi maksat edinýär.
«IF Wedding Fashion» sergisi moda dünýäsindäki iň uly wakalaryň biri bolup, gyzyklanma bildirýän türkmen telekeçileri oňa gatnaşmaga çagyrylýar.
Çäre ýerli we halkara brendleriň wekillerini, dizaýnerleri, önüm öndürijileri hem-de toý we dabara lybaslarynyň söwdasy babatda öňdebaryjy hünärmenleri bir ýere jemläp, modadaky täze ugurlar boýunça tejribe alyşmaga giň mümkinçilik döreder. Şonuň üçin-de bu sergi halkara bazarda tanalmak, pudakda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny gurmak üçin möhüm platforma hökmünde çykyş edýär.
«IF Wedding Fashion 2026» sergisine toý we dabara lybaslaryny öndürýän kompaniýalaryň, moda brendleriniň eýeleriniň, dizaýnerleriň we halkara moda neşirleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Sergi barada has giňişleýin maglumaty onuň resmi saýtyndan alyp bilersiňiz: https://ifwedding.izfas.com.tr/
ORIENT
