Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Fridrih Merse we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli berkidilýändigini we many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi we özara hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentine hem-de Federal Kanslerine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Germaniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
3-nji oktýabrda bellenilýän German bitewüliginiň güni 1990-njy ýylda Gündogar we Günbatar Germaniýanyň birleşendigini alamatlandyrýar. Bu sene möhüm milli baýramçylyk güni bolup, ol onlarça ýyllaryň dowamynda bölünip ýaşan ýurduň birleşmegindäki we täzeden dikeldilmegindäki üstünliklerini we ösüşini şöhlelendirýär.
