Iň täze habarlar

Aşgabat Awazada geçirilýän TIF 2025-den öň halkara işewürlik merkezi boldy

18.09.2025 | 23:25 |
 Aşgabat Awazada geçirilýän TIF 2025-den öň halkara işewürlik merkezi boldy

AŞGABAT, 17-nji sentýabr | ORIENT. 17-nji sentýabrda, Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF 2025) resmi açylyşyndan bir gün öň paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasy ikitaraplaýyn gepleşikler üçin amatly ýere öwrüldi. Forumyň dowamynda bu ýerde onlarça B2G görnüşinde duşuşyk geçirildi. Bu bolsa ýokary işewürlik äheňini döretdi we ähli taraplaryň maksatlarynyň çynlakaýdygyny görkezdi.

Dialogyň depgini şeýle bir ýokarydy welin, gatnaşyjylaryň köpüsi myhmanhananyň eýwanynda we daş töwereklerde göni manyda “aýak ütünde” ara alyp maslahatlaşmalaryny dowam etdiler. Munuň özi forumyň önjeýliliginiň we joşgunly atmosferanyň aýdyň görkezijisi boldy.

Geografiýasy we gatnaşyjylaryň derejesi

Gepleşiklere Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň täsirli dünýä maliýe guramalarynyň, iri korporasiýalaryň we agentlikleriň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdy.

tif-2025-delovaya-aktivnost-ashgabat (7).jpg

Esasy daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda:

• Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Naji Benhassiniň şeýle hem ýerine ýetiriji direktory Beatris Mazeriň ýolbaşçylygynda wekiliýet. Olaryň gatnaşmagy, Türkmenistanyň halkara taslamalarynda hyzmatdaş hökmünde ähmiýetini görkezýär.

• Hytaýyň “China Camc Engineering” we “China Harbour Engineering” ýaly ägirtleriniň wekilleri. Bu bolsa Hytaýyň infrastruktura taslamalaryna bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär.

• Şweýsariýanyň halkara işewür Geňeşiniň, Awstriýanyň “Primetals Technologies” kompaniýasynyň we “Çalık Holding” kompaniýasynyň türk toparynyň ýolbaşçylary. Bu kompaniýalar Türkmenistanyň uzak ýyllardan bäri ygtybarly hyzmatdaşlarydyr.

• Günorta Koreýadan (Daewoo Engineering & Construction), Germaniýadan (Jon Deere Walldorf International GmbH), Gollandiýadan (Damen Shipyards Gorinchem B.V.), Pakistandan (Maha Group) we Russiýadan (“Wostoçny Weter” PJ) wekiliýetler gatnaşýarlar.

tif-2025-delovaya-aktivnost-ashgabat (12).jpg

Ýokary derejeli gepleşikler

Türkmen tarapynda gepleşiklere ýokary wezipeli adamlar şol sanda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Olar öz ugurlary boçýunça duşuşyklary geçirdiler:

• Hojamyrat Geldimyradow Bütindünýä bankynyň wekiliýetleri bilen gepleşikleri geçirdi.

• Nökerguly Atagulyýew Owganystanyň Söwda we maýa goýum edarasynyň başlygy bilen duşuşdy.

• Batyr Amanow Günorta Koreýanyň “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi.

• Baýmyrat Annamämmedow “Daewoo Engineering & Construction”, “Primetals Technologies Austria GmbH” we “John Deere Walldorf International GmbH” kompaniýalaryň wekiliýetlerini kabul etdi.

• Taňryguly Atahallyýew Bütindünýä bankynyň “Damen Shipyards Gorinchem B.V.” we “John Deere Walldorf International GmbH” wekiliýetleri bilen duşuşdy

• Mämmethan Çakyýew “Çalık Holding”, “Damen Shipyards Gorinchem B.V.”, “CHINA CAMC ENGINEERING CO., LTD.” we “China Harbour Engineering Company Ltd” kompaniýalarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi.

tif-2025-delovaya-aktivnost-ashgabat (11).jpg

Gepleşiklere wise-premýerler bilen birlikde esasy ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň: Merkezi bankyň we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyň, “Tükmennebit”, “Tükmengaz”, “Tükmenhimiýa” döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdy.

tif-2025-delovaya-aktivnost-ashgabat (9).jpg

Şeýle hem maliýe we ykdysadyýet, aragatnaşyk, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, dokma senagaty, daşky gurşawy goramak, senagat we gurluşyk önümçiligi, demir ýol ulaglary ministrleriniň, şeýle hem Söwda-senagat edarasy bilen “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň ýolbaşçylyklarynyň gatnaşmagy hem üpjün edildi. Şeýle köptaraplaýyn wekilçilik Türkmenistanyň ähli strategiki pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çynlakaý çemeleşýändigini görkezýär.

tif-2025-delovaya-aktivnost-ashgabat (1).jpg

Duşuşyklarda nebitgaz, himiýa, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy, gurluşyk we bank pudaklaryndaky anyk taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi we bilelikdäki başlangyçlary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek barada pikir alyşdylar.

Önjeýli başlangyç – forumyň netijeliligine badalga

Deslapky duşuşyklaryň işjeňligi we wekilçiligi Türkmenistan maýa goýum forumynyň resmi açylmazyndan ozal hem ýokary depginler bilen işe başlandygyny görkezýär. Ýokary derejeli gepleşikler we ara alnyp maslahatlaşylýan temanyň giň toplumy dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiligine barha artýan gyzyklanmasyny tassyklaýar. Bu bolsa forumyň üstünlikli geçirilýändiginiň we anyk netijelere gönükdirilendiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

tif-2025-delovaya-aktivnost-ashgabat (13).jpg

Enejan KEPBANOWA, Seýli ARYŞOW

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: