“Rhenus Group”: Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm ulag geçelgesine öwrülip biler
18.07.2025 | 21:25 |Brýusselde Türkmenistanyň Ilçisi Sapar Pälwanow bilen Ýewropanyň iň uly halkara logistika kompaniýalarynyň biri bolan “Rhenus Group”-nyň müdirýetiniň strategiki taslamalar boýunça direktory jenap Genrih Kerştens (Heinrich Kerstgens) arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň esasy maksady “Rhenus Group”-nyň Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamak mukdaryny ep-esli ýokarlandyrmak baradaky meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Kompaniýa, Türkmenistana diňe bir üstaşyr geçelgesi hökmünde däl-de, eýsem durnukly we ýokary netijeli logistika ugruna öwrülmek üçin hakyky mümkinçiligi bolan Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky esasy ulag geçelgesi hökmünde garaýar.
Kompaniýanyň wekili, dünýädäki durnuksyzlygyň we ählumumy logistika ugurlarynyň üýtgeýän şertlerinde, ýük daşamak üçin ygtybarly, aç-açan we öňünden aýdyp boljak ugur hödürleýän hut Merkezi Aziýany, onuň mekezindäki – Türkmenistany belledi. Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň we ýurduň ösen demir ýol ulgamynyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Üstaşyr mümkinçiliklerden başga-da, “Rhenus Group” Türkmenistanda öndürilen önümleriň halkara we esasanam Ýewropa bazarlaryna eksport edilmegine goldaw bermäge gyzyklanma bildirdi. Kompaniýa, bu taslamalara gatnaşmagy durnukly we özara peýdaly logistika uzak möhletleýin maýa goýum hökmünde görýär.
Türkmenistanyň Ilçisi häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly we açyk ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň milli derejede ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady. Türkmenistan täze awtomobil ýollaryň gurluşygyna, demir ýol geçelgeleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna we Hazar sebitinde deňiz portlarynyň mümkinçilikleriniň giňelmegine işjeň maýa goýýar. Bu tagallalar, Gündogar bilen Günbataryň arasynda ygtybarly köpri hökmünde ýurduň ornuny berkitmäge gönükdirilendir.
Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmäge umumy gyzyklanma bildirdiler şeýle hem bilermenler we tehniki derejede ulgamlaýyn dialogy dowam etdirmek maksady barada ylalaşdylar.
“Rhenus Group” – 100 ýyldan gowrak taryhy bolan, merkezi Germaniýada ýerleşýän halkara logistika kompaniýasydyr. Bu kompaniýa Ýewropanyň iň uly logistika operatorlaryndan biridir we multimodal ýük daşamalary, ammar logistikasy we bütindünýä üpjünçilik zynjyrlary boýunça ýöriteleşendir. “Rhenus Group” 70-den gowrak ýurtda wekilçilik edýär we ähli yklymlarda müňlerçe logistika ýollaryny dolandyrýar.
ORIENT