Iň täze habarlar

Türkmenistan we BMG sebitdäki ynsanperwer tagallalary utgaşdyrýar

16.06.2025 | 20:50 |
 Türkmenistan we BMG sebitdäki ynsanperwer tagallalary utgaşdyrýar

Şu gün, 2025-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, häzirki wagtda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirýän Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykdaky amala aşyrýan ynsanperwer işlerine aýratyn üns berildi diýip, DIM-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan adatdan daşary ynsanperwer ýagdaýlarynda goldaw bermek bilen, ynsanperwerligiň we raýdaşlygyň ýokary gymmatlyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň häzirki wagtda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurt raýatlarynyň çykmagyna dessin hemaýat bermek boýunça halkara guramalary, hususan-da BMG bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini bellediler.

Bu duşuşyk, Türkmenistanyň raýdaşlyk, halkara hyzmatdaşlygyna we ählumumy derejede hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady.

ORIENT

Ýene-de tema boýunça

Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlaryna ynsanperwerlik kömegini berýär

Russiýa S7 awiakompaniýasynyň ýolagçylaryna berlen ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Aşgabat Ýakyn Gündogardaky ýagdaý sebäpli öz ugurlaryny üýtgetmäge mejbur bolan howa gämilerini kabul etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýranyň Ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň DIM-i Ýakyn Gündogarda dartgynlylygyň güýjemegi bilen bagly aladasyny beýan edýär

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: