ÇaparPay gollanmada Söwda gözegçiligi gullugynyň jerimelerini tölemek mümkinçiligi döredildi
07.05.2025 | 13:30 |Dürli görnüşli tölegleri amala aşyrmak üçin meşhur hyzmat ediş ÇaparPay ykjam gollanmasy öz wezipeleriniň giňeldilmegi barada habar berdi. Indi, gollanmada Döwlet söwda gözegçiligi gullugy bilen integrirlenen täze bölüm döredildi.
Girizilen täzeçilik söwda bilen meşgullanýan telekeiçleriň we fiziki şahslaryň işini ep-esli derejede ýeňilleşdirer. Täze wezipäniň netijesinde ÇaparPay ulanyjylary öz smartfonlary arkaly Döwlet söwda gözegçiligi gullugy tarapyndan ýazylan jerimeleri tiz ýagdaýda töläp bilerler. Töleg prosesi bary-ýogy birnäçe gezek smartfonyň ekranyna basyp, beýleki hyzmat ediş nokatlaryna ýa-da döwlet edaralaryna ýüz tutmalary talap etmeýär.
Täze wezipäniň oňaýlylygy gollanmanyň içinde göni tölegden ybaratdyr. Ulanyjylaryň indi tölegiň alternatiw görnüşlerini gözläp tapmak ýa-da edara barmak üçin wagtlaryny sarp etmegiň zerurlygy ýok. Ähli tölegler goragly ýollar arkaly amala aşyrylyp, tranzaksiýalaryň howpsuzlygyny kepillendirýär. Töleg üstünlikli geçirilenden soňra, ulanyjylar ýuridiki resminama hökmünde ulanylyp bilinjek resmi tassyklaýşy alýarlar.
ÇaparPay gollanmasy ösmegini dowam edip, ulanyjylaryna has köp peýdaly we amatly wezipeleri hödürleýär. Mugt ýükläp almak üçin ÇaparPay ykjam gollanmasynyň Google Play-da we App Store-da elýeterlidigini ýatladýarys.
ORIENT news