Iň täze habarlar

Inçekesel boýunça sanly hasaba alnyş we hasabat ulgamynyň ulanylmagyna bagyşlanan seminar geçirildi

29.04.2025 | 12:35 |
 Inçekesel boýunça sanly hasaba alnyş we hasabat ulgamynyň ulanylmagyna bagyşlanan seminar geçirildi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt edarasy TB-RRIS maglumat ulgamynyň ulanylmagyna bagyşlanan seminary geçirdi.

Inçekesel boýunça sanly hasaba alnyş we hasabat ulgamy (TB-RRIS) hakyky wagt tertibinde inçekesel bilen keselleme ýagdaýlaryň we bejerişiň gidişiniň gözegçiligini amala aşyrmaga, şeýle hem lukmançylyk işgärleri üçin maglumatlaryň esasynda netije çykarmaga mümkinçilik berýär.

Seminar BSGG-niň Ýewropa boýunça sebitleýin edarasynyň bilermenleri Anna Çiobanu we Andreý Kazaku tarapyndan wideo aragatnaşyk görnüşinde geçirildi. Oňa Inçekeseli bejeriş we öňüni alyş merkeziniň, Ýokanç keseller merkezleriniň müdirliginiň, Halkara ylmy-okuw merkeziniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ahal welaýatynyň Ýöriteleşdirilen ýokanç keseller hassahanasynyň we Lebap welaýatynyň Ýokanç keseller hassahanasynyň hünärmenleri gatnaşdy.

ORIENT news

Foto: Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSSG) Türkmenistandaky Ýurt edarasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: