Türkiýede Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
19.04.2025 | 16:55 |2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy Afýon-Karahisar şäherindäki Kojatepe uniwersiteti bilen bilelikde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygy: Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Geçirilen maslahata Afýon-Karahisar şäheriniň häkimi Kubra Guran Ýigitbaşy, Kojatepe uniwersitetiniň rektory Mehmet Karakaş, Türkiýäniň jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň wekilleri, döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleri, talyp ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeler gatnaşdy.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň konstruktiw daşary syýasy ugrunyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä giňişliginde uly goldawa eýe bolýandygyny bellediler. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly kararnamalaryň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydygyny nygtaldy.
Şeýle hem, çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen «Dialog parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasynyň ähmiýetiniň we zerurlygynyň artýandygy bellenildi.
Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly, ysnyşykly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi berkitmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant goşýandygy aýratyn nygtaldy.
Bulardan başga-da, Ilçihananyň wekilleri maslahata gatnaşanlara «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleri barada maglumatlary ýetirdiler.
Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan wideo-rolik görkezildi.
ORIENT