Iň täze habarlar

Türkmenistan oba hojalyk ugry boýunça “EXPO” sergisini geçirmek mümkinçiliklerini öwrener

19.04.2025 | 05:40 |
 Türkmenistan oba hojalyk ugry boýunça “EXPO” sergisini geçirmek mümkinçiliklerini öwrener

Türkmenistan halkara sergi işini işjeň ösdürýär we dünýä derejesindäki iri çäreleriň özünde geçirilmegini göz öňünde tutýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna geljek ýyllaryň dowamynda ýurtda Halkara sergiler býurosy bilen bilelikde oba hojalyk ugry boýunça ýöriteleşdirilen “EKSPO” halkara sergisini geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek baradaky teklip hödürlenildi.

Wise-premýer. Daşary işler ministri Raşid Meredowyň habar berşi ýaly, bu geljegi uly başlangyç, ýurduň dünýäniň ykdysady, medeni, maglumatlar giňişligine goşulyşmagynyň möhüm ugry bolup durýan, Türkmenistanda halkara sergi işiniň ösdürilmegi üçin görülýän çäreleriň çäginde öňe sürüldi. Bu işler Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň (2022-2028) we Türkmenistanyň halkara sergi işiniň Konsepsiýasyny netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Hususan-da, Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça 2023 — 2025-nji ýyllar üçin Milli meýilnama işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda bu resminama bellenen tertipde amala aşyrylýar. Möhüm üstünlik, 2023-nji ýylyň noýabrynda Parižde geçirilen Halkara sergiler býurosynyň Baş Assambleýasynyň 173-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistan ilkinji gezek 2024-2025-nji ýyllar üçin bu guramanyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň düzümine agzalyga saýlanylmagy möhüm üstünlik boldy. Şu ýylyň 19-njy martynda Aşgabat şäherinde Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda degişli komitetiň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu bolsa ynamyň ýokary derejesini görkezýär.

jdjobовощи.JPG

HSB bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýän döwründe Türkmenistanda oba hojalyk ugry boýunça ýöriteleşdirilen “EKSPO” sergisini geçirmek teklibi öňe sürüldi. Bu ugur ýurduň ykdysadyýeti üçin ileri tutulýan ugurlaryň biridir we b möçberdäki serginiň geçirilmegi Türkmenistanyň oba hojalygynda gazananlaryny görkezmäge, ösen tehnologiýalary we maýa goýumlaryny çekmäge hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Prezidente teklip edilen degişli çäreleriň arasynda – agzalan sergini geçirmek boýunça ýörite gaznany döretmek babatda çäreleri görmek we şunuň bilen baglylykda, iri halkara kompaniýalar bilen gepleşikleri geçirmek teklibi bar.

Mundan başga-da, halkara sergi işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, Türkmenistanyň öňümizdäki Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergilerine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek üçin degişli işleri amala aşyrmaga gönükdirilen degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak bilen bagly teklipler beýan edildi.

Şolaryň hatarynda Ýokogama şäherinde (Ýaponiýa) “Green EKSPO — 2027” atly ekologiýa sergisi we sport we saz temalaryna bagyşlanan Belgrad şäherinde (Serbiýa) “EXPO-2027” atly sergisi bar. Şeýle-de türkmen hünärmenleri üçin sergi-ýarmarka işi boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň we halkara guramalaryň wekilleri bilen okuw maslahatlaryny guramak, daşary ýurtlardaky okuw merkezlerinde olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2025 — 2027-nji ýyllar üçin degişli Maksatnamany taýýarlamak meýilleşdirilýär.

12.JPG

HSB bilen bilelikde Türkmenistanda oba hojalygy boýunça ýöriteleşdirilen halkara “EXPO” sergini geçirmegiň mümkinçiligini öwrenmek, ýurduň ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny ösdürmek we ählumumy sergi hereketine özüniň işjeň gatnaşýan derejesini berkitmek isleglerini görkezýär.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: