Iň täze habarlar

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada kararnama kabul etdi

22.03.2025 | 22:25 |
 BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada kararnama kabul etdi

21-nji martda BMG-niň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnama kabul etdi. 67 döwlet onuň awtordaşy boldy. Kararnamada, hususan-da bitarap ýurtlaryň çäklerinde parahatçylykly gepleşikleri geçirmek maksady bilen peýdalanmak maslahat berilýär. Şeýle hem resminamada Türkmenistanyň çäginde BMG-niň howandarlygynda Parahatçylygyň hatyrasyna araçyllyk palatasyny döretmek baradaky teklibi bellenilýär diýip, “news UN” (BMG-niň habarlary) web sahypasynda habar berilýär.

Kararnamany hödürlemek bilen, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy we ýurdumyzyň deňagramly parahatçylyk taglymatyny halkara giňişliginde durmuşa geçirmegiň binýady bolup durýandygyny nygtady.

Hemişelik wekiliniň belleýşi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky ilkinji kararnamanyň kabul edilen döwründen bäri Türkmenistan özüniň bitaraplyk ugruna halkara jemgyýetçiligi tarapyndan bildirilýän hemmetaraplaýyn goldawa daýanmak bilen, sebit we ählumumy derejelerinde öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy guraly hökmünde onuň netijelidigini yzygiderli görkezip gelýär.

Ataýewa bitaraplygyň ýurduň daşary we içeri syýasatyna çuňňur ornaşandygyny, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Konstitusion kanunynda berkidilendigini hem-de türkmen halkynyň parahatçylygy, dialogy we birek-birege hormat goýmagy döwlet gurluşynyň özeninde goýýan taryhy mirasyna we däp-dessurlaryna esaslanýandygyny aýratyn nygtady.

Hemişelik wekiliň pikiriçe, ýurduň ýolbaşçylygy bitaraplyk ugrunyň dowamlylygyny saklaýar, parahatçylygy goraýyş başlangyçlaryny öňe sürýär we Türkmenistanyň harby bloklara goşulyşmazlyk derejesini berkidýär.

Ataýewa, Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň işjeň we amaly häsiýetine, hususan-da onuň çäklerinde Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we Merkezi Aziýada Parahatçylyk we ynanyşmak zolagy ýaly sebitde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy goramagyň we berkitmegiň möhüm institutlaryna we görnüşlerine aýratyn ünsi çekdi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi, BMG-niň meýdançasynda Bitaraplygyň dostlary topary döredildi, şu ýyl hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde ählumumy derejede çäreler geçirilýär.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy

Şeýle hem okaň: