Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň IV ýyl talyby Z. Ýusubowa «Ýylyň talyby – 2025» atly halkara bäsleşiginde birinji orny eýeledi. Bu intellektual taslamanyň guramaçysy Russiýanyň «Professional ylym» ylmy jemgyýeti boldy.
Ýusubowa öz ylmy işi bilen üstünlikli çykyş edip, eminler toparynyň çözgüdi esasynda «Ýylyň daşary ýurtly talyby» ugry boýunça I derejeli diploma mynasyp boldy.
Bu üstünlige onuň ylmy ýolbaşçysy, Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy T. Sahydow uly goşant goşdy. Gazanylan bu netije uniwersitetiň talyp ýaşlarynyň ýokary taýýarlyk derejesini we uly ylmy kuwwatyny ýene bir gezek tassyklady.
ORIENT
