||
Özbegistandan iberilen ynsanperwer kömeginiň täze tapgyry Eýrana üstünlikli ýetirildi. Üstaşyr ugry türkmen-eýran serhediniň üsti bilen geçdi, lukmançylyk ýüki bolsa «Artyk — Lütfobod» gözegçilik-geçiriş nokadynda gowşuryldy.
15 sany ýük awtoulagyndan ybarat bolan ynsanperwer kerweni derman serişdelerini hem-de ýöriteleşdirilen lukmançylyk maksatly önümleri getirdi.
Serhetýaka dabarasyna Özbegistanyň we Eýranyň Türkmenistandaky ilçileri, Dargaz şäheriniň ýolbaşçylary, Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatyndaky Daşary işler ministrliginiň wekilleri, şeýle hem iki ýurduň gümrük we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.
