Iň täze habarlar

Prezident Türkmenistanda ýaşlar syýasatyny ösdürmekde täze ädimleri makullady

21.03.2025 | 08:35 |
 Prezident Türkmenistanda ýaşlar syýasatyny ösdürmekde täze ädimleri makullady

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda ýaşlar syýasatyny ösdürmek boýunça täze başlangyçlar barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini ýokarlandyrmagy, olaryň döwrebap bilim almagy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döretmek şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar

Öň kabul edilen hökümet resminamalaryny we başlangyçlaryny, BMG bilen ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäginde ýurduň Daşary işler ministrligi birnäçe teklipleri taýýarlady, olaryň arasynda:

◦ Türkmen wekiliýetiniň 15 — 17-nji aprelde Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýaşlar forumynyň işine gatnaşmagy.

◦ 16-njy aprelde BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň çäginde Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň dialogynyň ikinji duşuşygynyň geçirilmegi.

◦ Maý aýynda türkmen paýtagtynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy bilen bilelikde ýaş hünärmenleriniň arasynda sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatyny guramak.

◦ BMG-niň gurluşlary tarapyndan ýaşlaryň we ýetginjekleriň ösüşine, olaryň başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam bermäge, halkara we sebit derejede geçirilýän çärelerde olaryň wekilçiligini giňeltmäge gönükdirilen “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” atly bilelikdäki maksatnamanyň taslamasyny işläp düzmek we durmuşa geçirmek.

◦ Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň welaýat müdirliklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde IT tehnologiýalary ulanmak arkaly hünär okuwlaryny geçirmek üçin okuw-maglumat merkezlerini döretmek.

Prezident Serdar Berdimuhamedow teklip edilen başlangyçlary makullady we BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: