TDHÇMB-da söwdalaşyklar: “BND 60/90” kysymly ýol bitumy we “SN-350” kysymly esas ýagy ýerlenildi
15.03.2025 | 11:26 |14-nji martda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himýa önümleri ýerlenildi.
Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” Döwlet konserni bilen “BND 60/90” kysymly ýol bitumyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwlet konserninde “BND 60/90” kysymly ýol bitumyny we “SN-350” kysymly esas ýagyny satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň netijesinde 3 850 000 manada we 220 000 ABŞ dollaryna barabar bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news