Iň täze habarlar

Prezident: Biziň baş maksadymyz - Türkmenistany mundan beýläk-de gülledip ösdürmek

08.02.2025 | 07:00 |
 Prezident: Biziň baş maksadymyz - Türkmenistany mundan beýläk-de gülledip ösdürmek

7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ykdysady pudaklaryň geçen bir ýylda eden işleriniň netijelerini jemledi we 2025-nji ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleri anyk kesgitledi.

Ilki bilen, döwlet Baştutany geçen ýyl edilen işlere umumy baha berdi hem-de uly üstünlikleriň gazanylandygyny, bellenilen meýilnamalaryň ýerine ýetirilendigini we döwrebap kanunlary taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildigini belledi.

Şol bir wagtyň özünde, anyk sanlary delil getirip Prezident Serdar Berdimuhamedow ýyl senenamasy boýunça jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3%, şol sanda söwda ulgamynda – 10.1%, oba hojalygynda – 5,3% we senagat pudagynda – 1,5%, maýa goýumlarynyň mukdary bolsa 9,1% ýokarlandygyny aýtdy.

Ýurtda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi 12 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldygy aýratyn nygtaldy.

2024-nji ýylda ýurtda jemi 5 müň 735 sany täze iş orny döredildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 86 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1 million 145 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Maşgalalaryň müňlerçesi jaý toýuny toýladylar.

“Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurulýan, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam etdirildi” – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Şübhesiz gazanylan üstünlikleriň arasynda nebit-gaz pudagynda uly göwrümli taslamalar bellendi. Olaryň hatarynda “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi”.

Munuň bilen birlikde Prezident Serdar Berdimuhamedow Bäherden hem-de Lebap sement zawodlarynyň ikinji tapgyrynyň, Balkan — Daşoguz ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we elektrik beketleriniň, agyz suwuny arassalaýjy desgalarnyň ulanmaga berilendigi belläp geçdi.

2024-nji ýylda açylan möhüm desgalaryň hatarynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanan medeni-seýilgäh toplumy we heýkeli, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumy, saglygy goraýyş maksatly halkara merkezler we beýleki desgalaryň ulanmaga berlendigi aýdyldy.

Döwlet Baştutany çykyşynda tebigy, howa şertlerine garamazdan, tejribesi, bilimleri we başarnyklary netijesinde ýokary hasyl alyp, ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etden edermen daýhanlara minnetdarlyk bildirdi.

Geçen ýylda 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti kabul edildi ýagny zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberi ýene-de artdyryldy. Türkmen halkynyň şöhratly ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşynda ýatdan çykmajak birnäçe çäreler geçirildi, olaryň biri hem “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatydyr.

Türkmenistanyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty ” diýlip yglan edilmegi yglan edilmegi halkara deresindäki ýyl senenamasynyň möhüm wakasy boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde abraýynyň ýokarlanmagy, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürýändigini subut edýär.

2024-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde birnäçe Kararnamalar kabul edildi, döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, “Bitarap döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygynyň aýdyň güwäsidir”.

Şeýle hem Türkmenistan beýleki iri halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilen 2025-nji ýylyň şygaryna ünsi çekip, “Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar” – diýip, nygtady.

Ileri tutulýan wezipelere geçip, “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, döwlet Baştutany “meýdany 500 müň inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlaryny, 4 müň 620 orunlyk umumybilim edaralaryny, 2 müň orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär” – diýip belledi.

Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin ýokarda agzalan Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we ýurduň paýtagtynda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler we şonuň bilen birlikde birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Prezidenti Serdar Berdimuhamedow – “Biz şu ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalary, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze şäherçäni, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsini, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumyny açyp ulanmaga tabşyrarys” – diýip mälim etdi.

Mundan başga-da Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberiler.

Döwlet Baştutany Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan Türkmenistanda we daşary ýurtlarda birnäçe halkara çäreleriniň geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň we daşary döwletleriň raýatlaryny sylaglamak boýunça degişli teklipleri taýýarlamaly tabşyrdy.

2025-nji ýyl üçin kabul eden maksatnama örän köp işleri öz içine alýar. “Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr”.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşyny jemläp, “halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2025-nji ýylda bellän sepgitlerimize, maksatlarymyza ýetjekdigimize berk ynanýaryn” – diýip aýtdy.

ORIENT

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: