Gresiýanyň ilçisi Aşgabatda Ynanç hatyny gowşurdy
03.12.2024 | 22:35 |3-nji dekabrda D.Gulmanowa Gresiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Ýekaterini Ksagorariden ynanç hatyny kabul etdi.
Gresiýanyň Türkmenistandaky täze ilçisi – Ýekaterini Ksagorari resmi taýdan wezipesine girişip, 3-nji dekabrda Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ynanç hatyny gowşurdy.
Parlamentiň ýolbaşçysy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini täze jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Oturýan ýeri Moskwa şäherinde ýerleşýän grek diplomatyna Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli parlamentiniň işi bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar kanunçylyk tejribesinde, iki ýurduň hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlarynda tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Gresiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mowzugy şu gün Ýekaterini Ksagorari Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen geçirilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Taraplar iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň, hususan-da halkara gatnaşyklary we diplomatiýa ugurly ýokary hünär bilimi edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garadylar.
Halkara düzümleriň, hususan-da BMG-niň, ÝB-niň we beýlekileriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar konstruktiw köptaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmek üçin halkara meýdançalarynda iki ýurduň wekilleriniň arasynda duşuşyklary guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, diplomatlar Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen öňümizdäki 2025-nji ýylyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar. Gresiýanyň wekillerini bu möhüm ýyl üçin meýilleşdirilýän dürli derejedäki çärelere gatnaşmaga çagyryldy.
ORIENT