Iň täze habarlar

Ronaldo uçar bahasyndaky brilliant sagady sowgat aldy

09.11.2023 | 09:56 |
 Ronaldo uçar bahasyndaky brilliant sagady sowgat aldy
 Ronaldo uçar bahasyndaky brilliant sagady sowgat aldy

Saud Arabystanynyň “Al Nasr” futbol toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo 1,3 mln dollarlyk sagady sowgat aldy.

Sowgady zergärçilik brendiniň eýesiniň hut özi gowşurdy.

“men şu ýakyndadym we 1,3 mln dollarlyk sagady gaýtalanmajak we ýeke-täk Kristiano hut özümiň getirip bermegimi makul bildim” diýip kompaniýanyň ýolbaşjysy Jeýkob Arabo aýtdy.

Dünýäde şeýle sagatlaryň bary-ýogy 18 sany nusgasy bar. Olar 832 sany dürli böleklerden el bilen ýygnalandyr. Sagadyň turbionlary 104 bölekden ybarat bolup, bary-ýogy 1,15 gramma deňdir.

Sowgat berlen sagadyň korpusynyň diametri 57 millimetr, sifrblatyndaky bezel halkasy bolsa 18 karatlyk ak altyndan ýerine ýetirilip 344 sany göwher daşy bilen bezelipdir. Sagadyň sifrblaty çal sabfir aýnasyndan, dilleri bolsa, gülgüne altyndan ýasalypdyr.

ORIENT news

Foto: watches-master.ua

Şeýle hem okaň: